mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýurdumyzyň telekeçileriniň täze önümleri

view-icon 2029
Ýurdumyzyň telekeçileriniň täze önümleri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşmesiniň (TSTB) metbugat merkeziniň habar bermegine görä, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň şöhlat öndürýän kärhanasynda täze önümiň – ýokary hilli buglanan sygyr etiniň önümçiligi ýola goýuldy. Täze önüm “Kuwwatly” söwda nyşany bilen 425 gram göwrümli bankalarda gaplanýar. Ösen Ýewropa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada bir gije-gündizde 100 kilogram ýokary hilli buglanan et öndürilip, ýurdumyzyň söwda merkezlerine ugradylýar.

Telekeçi Nazar Durdyýewiň ýolbaşçylyk edýän kärhanasy şöhlat önümlerini öndürýär. Bu ýerde şöhlat önümleinden başga-da, “Elin” haryt nyşanly süýt we süýt önümleri öndürilip, sarp edijilere ýetirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşimesiniň agzasy “Döwrebap iş” hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda önümçilige başlan kärhana pagta çigidiniň ýagly çökündisini gaýtadan işlemek arkaly çig ýag kislotalaryny öndürýär. Bu önüm sabyn önümçiliginde giňden ulanylýar. Kärhananyň öndürýän önümlerine içerki bazardaky uly isleg, olaryň hiliniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Kärhana geljekde önümçilik kuwwatyny artdyrmagy, önümleriň görnüşini giňeltmegi, daşary ýurtllar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär.

1994-nji ýylda döredilen, “Mizemez gadam” hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän “Mizemez gadam” atly köpugurly önümçilik kärhanasy täze gurluşyk serişdelerini - 5, 15 litrlik gaplara gaplanan bitumly mastikany we bitumly emulsiýany, şeýle hem 30, 35, 40 kg izogamlary öndürip başlady.

Häzirki wagtda bu kärhana alýumin penjireleri, gapylary, demir diwarlary, gury laý garyndylaryny, emulsion garyndylary, kafel ýelimlerini, bişen kerpiçleri hem öndürýär.

Bu ýerde 2018-nji ýylda suw geçirmeýän örtükleriň önümçiligine-de başlandy. Zerur gurluşyk çig maly bolan hek çagyly hem öndürilýär. Önümler Özbegistana, Türkiýä we Gürjüstana eksport edilýär. “Mizemez gadam” hususy kärhanasy geljekde içerki we daşarky diwarlar üçin boýag öndürmegi meýilleşdirýär.