Ï Iki orkestr Ýeňiş gününe konsert bagyşlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iki orkestr Ýeňiş gününe konsert bagyşlady

view-icon 5206

Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň akkordeonçylar we halk gurallary orkestrleri 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygyna bagyşlap, bilelikde konsert berdiler.

Sazandalar watandaşlarymyzyň görkezen edermenligini hatyralamak bilen, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalyna ýygnanyp, dünýäniň dürli halklaryndan aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Sazly «Medeniýetler gepleşigini» orkestriň we solist Soltan Gurbandurdyýewiň (klarnet) ýerine ýetiren «Awara» hindi filminden kompozisiýa açdy. Konsert programmasynyň dowamynda türkmen halk aýdymlarynyň sazlary-da ýaňlandy.

Konserte gelenler Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Taryh we nazaryýet bölüminiň birinji ýyl okuwçysy Yhlas Artykowyň saz eserini mähirli el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ýetginjek kompozitoryň işi halk gurallary orkestriniň we solist Röwşen Baýramowyň ýerine ýetirmeginde sazly eser görnüşe eýe boldy.

Heý-de, tanssyz baýram bolarmy? Sazçylyk mekdebiniň horeografiýa bölüminiň okuwçylary konsertiň myhmanlaryny halk tanslarynyň milli öwüşgini bilen tolgundyrdylar. Ýigitler çakgan oýnalýan «Kawkaz tansyny», gar ýaly ak lybasa beslenen gyzlar bolsa «Ag çiçäk» («Ak gül») tansyny ýerine ýetirdiler.

Konsert Türkmenistanyň Halk artisti, kompozitor Pürli Saryýewiň «Joşgun» sazly kompozisiýasy bilen tamamlandy. Bu ýerde Sazçylyk mekdebiniň mugallymlary Sähetmyrat Pürsiýew we Astanogly Baýramowyň ýerine ýetirmeginde akkordeon bilen türkmen milli saz gurallary dueti solistlik etdi.