Ï "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi döredildi

view-icon 6835

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Şeýle hem resminama bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine:

— «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

— Balkan welaýatynyň häkimligi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 15-nji maýy — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün etmek tabşyryldy.