Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 3697

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Bu mukaddes gün dünýäni faşizmden halas eden halklarymyzyň deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, hakyky edermenliginiň we batyrlygynyň nyşany hökmünde taryha hemişelik ýazyldy. Doganlygyň hem-de özara kömek bermegiň şöhratly däpleriniň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ygtybarly esasy bolup galjakdygyna ynanýaryn.

Türkmenistanyň ähli weteranlaryna hem-de tylda zähmet çeken adamlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerimi ýollaýaryn.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we doganlyk türkmen halkyny faşizmiň üstünden gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaýaryn.

Bu nurana baýram adamzadyň taryhynda iň ýowuz uruşda ýeňen halklarymyzyň baky edermenliginiň we durnuklylygynyň, raýdaşlygynyň nyşany bolup galar. Biz gandöküşikli söweşlerde parahatçylygy hem-de azatlygy deňsiz-taýsyz edermenlik görkezip ynamly goran, tylda yhlasly zähmet çeken adamlaryň hakydasynyň öňünde hemişe baş egeris. Olaryň gahrymançylygy halklarymyzyň hakydasynda ebedilik galar.

Biziň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykaryp hem-de ony dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ruhunda has-da berkidip biljekdigimize ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we ähli türkmen halkyny Beýik Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biz Ýeňiş gününi baýram edip, Watanymyzy duşmandan goran we faşizmden üstün çykan ata-babalarymyzyň, uruş weteranlarymyzyň hem-de tylda zähmet çeken adamlarymyzyň deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny we gaýduwsyz hereketlerini şöhratlandyrýarys. Olaryň edermenligi biz üçin ata Watana halal gulluk etmegiň nusgasy bolmagynda galýar.

Parahatçylyga we hoşniýetli goňşuçylyga belent sarpa goýýan Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk we döwlet işiňizde üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymyzy kabul ediň!

Ýowuz uruş ýyllarynda ýurtlarymyzyň halklary söweş meýdanlarynda we tylda egin-egne berip, Ýeňiş gazanmak ugrunda uly yhlas etdiler. Parahatçylyk, erkinlik we geljekki nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda ata-babalarymyzyň görkezen şöhratly edermenligi baradaky röwşen hakyda ýüreklerde hemişelik galar.

Biziň döwletlerimiziň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň taraplaryň umumy bähbitleri esasynda giňeldilmegi arkaly mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işleriňizde üstünlik, doganlyk Türkmenistanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we doganlyk Türkmenistanyň ähli halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn.

9-njy maý gandöküşikli hem-de weýrançylykly urşuň ýowuz ýyllaryndan abraý bilen geçip, deňsiz-taýsyz edermenligi we gahrymançylygy, durnuklylygy hem-de gaýduwsyzlygy bilen adamzady faşizmiň elhençliklerinden halas eden halklarymyzyň şöhratly taryhynda aýratyn orun eýeleýän gymmatly baýramçylykdyr. Beýik Ýeňiş baradaky hakyda ýüreklerimizde baky galar.

Uzak uruş ýyllarynda agyr synaglar döwründe halklarymyzyň görkezen dostluk hem-de özara goldaw bermek ýaly asylly däpleriniň Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de pugta esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Şu baýram gününde Size, ähli uruş weteranlaryna hem-de tylda zähmet çekenlere, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu nurana gün biz adalatlylygyň maksatlarynyň, özara hormat goýmagyň hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy ugrunda söweşenleriň we wepat bolanlaryň ählisini gynanç hem-de şatlyk gözýaşlary bilen ýatlaýarys.

Biziň diňe tagallalarymyzy birleşdirmek arkaly dünýä möçberindäki wehimlere üstünlikli garşy durup biljekdigimize, häzirki döwrüň dartgynlyklarynyň parahatçylykly ýollar arkaly çözgüdini tapyp biljekdigimize pugta ynanýaryn. Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine umyt edýärin.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Bu gün biz söweş meýdanlarynda hem-de tylda zähmet gahrymançylygyny görkezmekde ýeňiş gazananlaryň atlaryny ýatlaýarys. Biz, gynansak-da, ýyl geçdigiçe hatary barha azalýan weteranlarymyzyň öňünde baş egýäris. Beýik Ýeňiş güni öz nesilleri üçin nurana geljegi egin-egne berip goran halklarymyzyň gahrymançylygynyň hem-de jebisliginiň nyşany bolup hemişelik galar. Urşuň ýowuz kynçylyklaryny başdan geçiren halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk hem-de jogapkärli işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Alihan Smailow,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Bu taryhy gün halklaryň ruhy taýdan deňsiz-taýsyz jebisliginiň hem-de Ýer ýüzünde parahatçylygy, geljekki nesiller üçin bagtyýar durmuşy janlaryndan geçip goran adamlaryň gahrymançylygynyň, edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň we mertliginiň hemişelik nyşany bolup galar.

Biziň ata-babalarymyzyň gahrymançylygy baradaky hakydanyň serhetleriň we döwürleriň çäklerinden çykyp, Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň halklaryny has-da jebisleşdirjekdigine pugta ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, ähli uruş weteranlaryna we tylyň zähmetkeşlerine Beýik Ýeňiş güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy, berk jan saglyk, abadançylyk hem-de uzak ömür, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Nursultan Nazarbaýew,

Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy.