mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Asyrlar jümmüşinden galan monjuklar

view-icon 2536
Asyrlar jümmüşinden galan monjuklar

«Könürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki gadymy Daşmetjit medresesiniň jaýynda ýerleşen halk senetleri muzeýinde gadymy monjuklaryň ýurtda iň uly kolleksiýasy bar.

Olaryň köpüsini goraghananyň işgärleri 2009-2020-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň binagärlik we arheologik ýadygärliklerinde, şol sanda gadymy Yzmykşir (Zamahşary) şäherinde, orta asyrlar gala-şäherleri – Şasenemde we Diýarbekirde hem-de beýleki ýerlerde geçirilen dürli gözleg işlerinde tapdylar. Bu gadymy zatlaryň aglabasy orta asyr Derýalyk gollarynyň birindäki Akgala (Adak) gala-şäherinde ýüze çykaryldy.

Gadymy Horezmiň şäherleriniň köpüsi Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşipdir we bazarlary dürli ýurtlardan kerwenli getirilýän dürli harytlaryň, şol sanda monjuk bolçulygy bilen meşhur bolupdyr.

Miladynyň V asyryndaky Hytaý çeşmelerinde Hytaýa Orta Aziýadan gowy hilli aýna getirilendigi aýdylýar. Bu ýerde orta asyrlarda aýna önümçigi gülläp ösüpdir. Eýýäm şol döwürlerde Horezmde dürli hajatlar üçin, şol sanda durmuşda we söwdada, alhimiýada, lukmançylykda hem-de beýleki ugurlarda ulanylýan dürli görnüşli hem bezegli aýna önümleri köpçülikleýin öndürilipdir. Bu ýerde zergärçilik we aýnadan zat ýasamak ussatlygy şeýle belent derejä ýetipdir welin, ýerli ilat hat-da alys döwletler bilenem aýna söwdasyny edipdir. Şunuň bilen birlikde, sebitiň çäginden tapylan çüýşe monjuk we küýze ýarym fabrikatlary «Könürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünäremenlerinde gadymy horezmlileriň aýna öndürendigi baradaky pikirni subut edýär. Mysal üçin, aýna pastasyndan ýasalan monjuklar, olaryň pkirine görä, köplenç çüýşe gaplar, sferokonuslar, çüýşe kolbalar we guýguçlar üçin çig mal galyndysyndan taýýarlanylypdyr.

Bu ýerde dürli şekilli, reňkli we görnüşli, açyk we garamtyl çüýşe monjuklaryň, şol sanda dürli reňkli aýnalardan we aýna pastasyndan ýasalan hünjileriň ençemesi saklanylýar. Şeýle hem dürli reňk berlen kaşin, dürli ýasama daşlardan, beýlekilerden ýasalan her hili, şol sanda süýri, togalak, silindrik, köpgyraňly, ellipsodi, gatlakly we beýlkei görnüşli monjuklar bar. Göz monjuklary gadymy ilat tumar ýa-da göz-dilden goraýan tumar hökmünde ulanypdyr.

Monjular taýýarlanylýan usuly boýunça-da tapawutlanypdyr. Meselem, aýna turbalar kesilip ýasalýany uşak monjuklara we hünjilere degişli bolupdyr.

Ýerli hünärmenleriň pikirine görä, şeýle baý tejribe Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde köp asyrlyk taryhy bolan senedi gaýtadan dikeltmegiň netijeli boljakdygy barada aýgýarlar.