Ï Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedildi

view-icon 8128

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanda halkara çäreleri geçirmegiň gaznasy diýlip atlandyryldy we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Şeýle hem resminama bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.