Ï Paýtagtymyzda möhüm ähmiýetli çäreler geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda möhüm ähmiýetli çäreler geçiriler

view-icon 4743
Paýtagtymyzda möhüm ähmiýetli çäreler geçiriler

12-13-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlar dialogy geçiriler.

Bu möhüm ähmiýetli çäreleri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçiriler.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlar dialogyna Russiýadan, sebitiň ýurtlaryndan parlamentarilerdir, halkara guramalaryň wekilleriniň, bilermenleriniň köp sanlysynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bilermenleriň pikirine görä, «Merkezi Aziýa – Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilmegi meýilleşdirilýän Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn mümkinçilik berer.

Bu çäreler ýurdumyzyň dünýä döwletlerini ylalaşyga we dialoga, ählumumy abadançylyga, ösüşe çagyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň täze taryhy döwürde has-da ilerledilýändigini giňden açyp görkezýän möhüm syýasy wakalar hökmünde hem uly ähmiýete eýe bolar.