mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Howa maglumaty: Bulutly, käwagt ýagyşly howa garaşylýar

view-icon 1483
Howa maglumaty: Bulutly, käwagt ýagyşly howa garaşylýar

Şu hepdäniň bulutly we ýagyşly bolmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy +25-30 gradus töweregi bolar.

Aşgabatda az bulutly howa bolup, onuň temperaturasy gündizlerine + 19… + 21gijelerine +13… +15 gradus bolar. Gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy mümkin. Hepdäniň ortasyndan howanyň temperaturasy kem-kemden ýokarlanyp başlar. Dynç günleri +28 gradusa çenli maýlar.

Ahal welaýatynda bulutly, gündizlerine +19…+24, gijelerine +11…+16 gradus maýyl howa bolar. Käýerlerde az-kem ýagyş ýagar. Dynç günleri termometriň sütünjigi +27… + 32 gradusa çenli galar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda gündizlerine +24… +29 gradus, gijelerine +11… +16 gradus maýl bolar. Şemally. Dynç günlerinde howanyň temperaturasy +23 gradusa çenli maýlar. Gysga wagtlyk ýagyş ýagar.

Mary welaýatynda az bulutly howa bolar. Temperatura gündizlerine +22… +27 gradus, gijelerine +13… +18 gradus çenli maýlar. Hepdäniň ahyryna howanyň gündizki temperaturasy +33 gradusa çenli galar.

Lebap welayatynda, esasan, açyk howa bolar. Gündizlerine temperatura + 23… + 28 gradus, gijelerine + 13… +18 gradus bolar. Dynç günleri gündizlerine +34 gradusa çenli maýlar. Ýagyş ýagmagy mümkin.

Daşoguz welaýatynyň çäginde bulutly we ýagyşly howa bolup, temperatura hepdäniň başynda gündizlerine +18… +23 gradus, gijelerine +11…+16 gradus bolar. Dynç günlerinde açyk howa bolar. Howanyň ortaça temperaturasy +24…+30 gradus bolar.