Ï Gadymy sungata syýahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymy sungata syýahat

view-icon 6810
Gadymy sungata syýahat

Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş muzeýine eýýamlarda döredilen, žiwopis ýa-da heýkeltaraşlyk işlerine syn etmäge sungat muşdaklary köp gelýärler. Käbir adamlary arheologik artefaktlar özüne çekýär. Olar ýer astynda asyrlar boýy ýatan, bir sebäp bilen saklanyp galan medeni gymmatlyklaryň bölejiklerini synlaýarlar .

Eneolit eýýamynda – daş asyrdan bürünç asyra geçilen miladydan öňki 4-3 müňýyllyklarda adamlar eýýäm ekerançylyk, maldarçylyk, aw bilen meşgullanypdyr. Hojalykda eldekileşdirilen dürli jandarlar bolupdyr. Arheologik gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan goýun, öküz we it şekilleri salnan zoomorf toýun zatlar muňa şaýatlyk edýär. Olaryň çagalar üçin oýunjak hökmünde ýasalan bolmagy mümkin. Şeýle ençeme artefaktlar şol döwrüň çagalarynyň arasynda şeýle oýnawaçlaryň meşhur bolandygyny görkezýär.

It heýkeljiginde häzirki alabaýlara mahsuslyk bar – kellesi goçak, döşi giň, aýagy gujurly, gulak-guýrugy kesilen.

Otparazlyk döwründe ite aýratyn orun berlipdir. Ybadathanalaryň köpüsi it saklapdyrlar. Ony eýesine wepalylygy, gaýduwsyzlygy üçin halapdyrlar. Ýylgynlydepeden tapylan näbelli nakgaşyň ussatlarça ýasan öý haýwanlarynyň heýkeli üstünden 6000 ýyl geçendigine garamazdan gowy saklanypdyr.

Gadymy sungatlar zalynda söweş sahnasyny beýan edýän süňkden ýasalan hanjar sapy saklanylýar. 1500 ýyldan soň Melle-Haýran ýadygärliginden tapylan bu artefakt sasanylar (3-7 aa) eýýamyna degişlidir. Onda çeper iki şekil birleşdirilipdir. Onuň ýokarky böleginde agzyny açyp, haýbat atýan, goçak kelleli, keltejeik gulakly, duşmana gaýtawul bermäge taýýar itiň kellesi şekillendirilipdir.

Onuň aşaky böleginde horaz urşy miniatýurada nepis we takyk şekillendirilipdir. Ony süňkden ýasan ussa gyzykly wakanyň bir pursadynam gözden salmandyr.

Müňlerçe ýyllar mundan ozalkysy ýaly häzirki wagtda hem türkmen heýkeltaraşlarydyr keramikaçylarynyň arasynda haýwanlaryň şekilini ýasamak ýörgünlidir. Häzirki we gadymy kiçi görnüşli heýkelleriň tapawudy olaryň gabarasynda, syrça çalnyşynda we awtorlyk garaýşyndadyr.

Şeýlelik bilen, halk sungatynyň taryhy ýörelgeleri ençeme müňýyllyklar dowam edýär we häzirki zaman türkmen sungaty bilen aýrlmaz baglanşykldyr.