Ï Köptaraply türkmen-azerbaýjan aragatnaşyklaryny ösdürip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köptaraply türkmen-azerbaýjan aragatnaşyklaryny ösdürip

view-icon 7572

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen geçiren duşuşygynda iki goňşy döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda kuwwatly ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Biziň ýurtlarymyzy öňden bäri dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi iki halkyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy-medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde bolsa bu gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berýäris we oňa uzak möhletli geljek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy hökmünde garaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, iki doganlyk halkyň dostlugyny, hoşniýetli goňşuçylygyny berkitmek üçin möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.