mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Dostluk mukamlary: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hor toparlarynyň dabarasy geçirildi

view-icon 2478
Dostluk mukamlary: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hor toparlarynyň dabarasy geçirildi

10-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň we beýleki Merkezi Aziýanyň döwletleriniň hor toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly dabarasy geçiriildi. Ýurdumyzyň medeni meýdançasy onlaýn ýaýlym arkaly Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň sungat işgärlerini bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan bu çäre Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna öňüsyrasynda geçirildi. Forumyň dabaraly açylyşy 12-nji maýa meýilleşdirilipdir. Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy hem geçiriler.

Dostlukly dabarany Türkmenistanyň Döwlet horunyň «Ýarowjan» halk aýdymyny ýerine ýetirmek bilen açyldy.

Sazly we döredijilik gepleşikleriniň dowamy hökmünde türkmen sungat işgärleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halk aýdymlaryny: «Kamažaý», «Karatorgaý» gazak, «Komuzçy», «Süýgönem çyksa bolboýlu» gyrgyz, «Nomangoning olmasi», «Kylpyllama» özbek we «Muhabbat» atly täjik aýdymyny uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.

Doganlyk halklarymyzyň horlary-da ajaýyplykda şundan pes bolmadyk saz çykyşlaryny taýýarladylar. Gazagystan Respublikasynyň «Astana operasy» döwlet opera we balet teatrynyň kamera hor toparynyň türkmen dilinde «Bibijan» halk aýdymyny türkmen dilinde ýerine ýetirdiler. Gyrgyzs Respublikasynyň Döwlet kamera hor toparynyň ýerine ýetirmekde «Ata mekan» we «Aýkol Manas» aýdymlary ýaňlandy. Täjigistanyň Sadriddin Aýni adyndaky döwlet akademiki opera we balet teatrynyň hor topary «Noý-noý» atly türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdi.

Türkmen halkynyň baý dünýägaraýşyny we çuňňur medeni köklerini bellemek bilen, K.Ýakubow adyndaky Özbek döwlet filarmoniýasynyň hor topary «Nar agajy» we özbek halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Gyzgyn duşuşygyň jemleýji sany «Dutaryň owazy» aýdymy boldy. Milli aýdym-sazyň we goňşy ýurtlaryň halk döredijiliginiň dürlüligi bilen özara gyzyklanma köp ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynyň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat etdi. Dabara gatnaşyjylar medeniýetimiziň, sungatymyzyň uly ösüşlere beslenmegi ugrunda tutumly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.