mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Iň gowy Gyzlar kluby» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

view-icon 1921

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdeplerinde hereket edýän Gyzlar klublarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy Gyzlar kluby» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen bu bäsleşik gyza mahsus bolan gyz edebi hakynda, zähmetsöýerligi, ahlak gözelligini ene-mamalarmyzdan miras galan däp-dessurlarmyza sarpa goýmagy maksat edinýär. Bäsleşige ýurdumyzyň ähli orta okuw mekdepleriniň 8-11 synp okuwçylary gatnaşdylar.

Bäsleşik 4 sany şertde geçýär, olar:

Gyzlar klubynyň adyny, alyp barýan işiniň şygaryny, şahyrana dilde ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly terbiýeçilik şygarlaryny aýdymlaryň we rowaýatlaryň üsti bilen beýan etmeli.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz ýanlary bilen milli lybaslarynyň gutarmadyk nagyş, keşdesini eminler tarapyndan tabşyryljak ýumuşy 15 minudyň dowamynda ýerine ýetirlmeli.

Keşde we haly nagyşlarynyň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, yrymlary, däp-dessurlary, aýdyşyklary, gazallary aýdym-sazlarynyň üsti bilen öz ýürek buýsanjyny beýan etmeli.

Okaýan orta mekdeplerinde hereket edýän Gyzlar klubynyň işini açyp görkezýän albomyny taýýarlap öz ýanlary bilen getirmeli.

Bäsleigiň ýeňijileri emin agzalar tarapyndan saýlanyldy we yglan edildi.

Baş baýraga Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Myradowa Ogulgerek, birinji orna Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Allamyradowa Aýşa, ikinji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-nji orta mekdebiniň 9-nji synp okuwçysy Jeýhunowa Gülnäz mynasyp boldular.

Şeýle-de, iki sany 2-nji we üç sany 3-nji orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Bilim minirtligi tarapyndan Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kädeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.