mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Aşgabat halkara forumlara gatnaşýan daşary ýurtly wekilýetleri garşylaýar

view-icon 1930
Aşgabat halkara forumlara gatnaşýan daşary ýurtly wekilýetleri garşylaýar

Şu gün Aşgabat şäherine 12-13 maýda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna we zenanlar dialogyna gatnaşýan daşary ýurtly wekilýetleriň agzalary gelip başladylar.

Bu möhüm ähmiýetli çäreleriň çäklerinde guraljak umumy mejlislerde, esasan, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk, lukmançylyk diplomatiýasy hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly 3 ugurda anyk mowzuklar boýunça pikir alyşmalara giň orun berler.