mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgeleri pugtalandyrylýar

view-icon 2363
Türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgeleri pugtalandyrylýar

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalda ýerleşdirilen makalalarda şu ýylyň birinji çärýeginiň möhüm wakalary öz beýanyny tapdy. Žurnal hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen Garaşsyz döwletimiziň hem-de onuň institutlarynyň geljek 30 ýyl üçin ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan duşuşygyndaky çykyşyndan getirilen bölekler bilen açylýar. Şu ýyl kanunçykaryjylyk işiniň öňünde ähli ulgamlarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça uly wezipeleriň durýandygy bellenilýär. Döwrüň ruhuna laýyk gelýän kanunlary taýýarlamak, milli kanunçylygy täze derejelere çykarmak şol wezipeleriň hatarynda durýar.

Şeýle hem žurnalda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatda 19-njy martda geçirilen wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşy ýerleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy wezipeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, türkmenistanlylaryň durmuş we hukuk goraglylygyny pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmaga hem-de öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen wezipeleri kesgitläp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň geljekde hem ileri tutulýan ugurlary bolar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda ata Watanymyzyň ählumumy howpsuzlygyň maksatlaryna kybap gelýän hem-de sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşiň girewi bolan özara bähbitli hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarlylygy ýene-de bir gezek aýdyň beýanyny tapdy.

Okyjylara giň bäsdeşlik we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bagyşlanan “Demokratik saýlawlar we Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri” atly makala hödürlenilýär. Bu möhüm waka döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň täze taryhynda ýene-de bir şöhratly sahypany açdy.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň hem-de ösüşiniň esasy ugurlaryny, häkimiýetiň wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralarynyň, kazyýet häkimiýetiniň ygtyýarlyklaryny hem-de ýörelgelerini, adamlaryň we raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Bu mowzuk “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — döwlet ösüşiniň we adyl kazyýetliligiň hukuk binýady” atly makalada öz beýanyny tapýar. Onda Türkmeniastanyň Konstitusiýasyndaky kazyýet häkimiýetiniň işiniň we adyl kazyýetliligiň esaslaryny belleýän kadalaryň hem-de ýörelgeleriň esas goýujydygy, olaryň kazyýet häkimiýetiniň mazmunyny we häsiýetini kesgitleýändigi, adyl kazyýetlilik işiniň amala aşyrylyşynyň esasy başlangyçlaryny hem-de ýörelgelerini belleýändigi, döwlet häkimiýetiniň şahalarynyň biri hökmünde kazyýet häkimiýetini kämilleşdirmekde hukuk esasy bolup gulluk edýändigi barada gürrüň berilýär.

“Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň ilatyň saglygyny goramak hem-de halkara ynsanperwer hukugyny amala aşyrmak ugrundaky işleri” atly makalada bolsa ýurdumyzyň halkara hukuk ýörelgelerine we kadalaryna esaslanyp, has ýokary derejelere çykýan ynsanperwer hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşygy barada gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti ata Watanymyzyň ähli ýurtlaryň howpsuzlygy, durnukly ösüşi hem-de abadançylygy üçin halkara we milli derejelerde şertleri döretmek boýunça tagallalaryna mynasyp goşant goşmaga çalyşýar.

“Döwlet gullugynda ahlak gymmatlyklarynyň orny” atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekse gerek. Onda häzirki zaman etiketinde bütin dünýäniň ähli halklarynyň gadymyýetden şu güne çenli adatlarynyň, däpleriniň we dessurlarynyň öz beýanyny tapýandygy barada aýdylýar. Türkmenistanda ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we ýaş nesli terbiýelemäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde uly üns berilýär.

“Ulag diplomatiýasynyň ösüşi we kanunçylygyň kämilleşdirilişi” hem-de “Milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň kadalarynyň sazlaşygy” atly makalalarda degişli ulgamlaryň syýasy-hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler bilen bagly meselelere deglip geçilýär. Guramaçylyk meýilnamalaýyn işler transmilli hukugynyň häzirki zaman halkara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen umumy ykrar edilen kadalarynyň türkmen kanunçylygy bilen sazlaşygynda alnyp barylýar.

Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň hem-de döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini giň halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen yglan edilen, “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň şertleri çap edilýär.

Žurnal “Senenama” bölümi bilen tamamlanýar. Onda 2022-nji ýylyň birinji çärýegindäki halkara durmuşyň esasy wakalary hem-de abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklar beýan edilýär.