mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ideg işleri guramaçylykly dowam edýär

view-icon 1691
Ideg işleri guramaçylykly dowam edýär

Senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläni öndürilýän möçberlerini artdyrmak, gaýtadan işlenmeginiň takyk ulgamyny ýola goýmak, bu möhüm önümçilik işinde ösen döwrebap tehnologiýalary peýdalanmagyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de ýüpekçilik pudagynda öndürijilikli zähmeti has-da höweslendirmek derwaýys işleriň hatarynda durýar.

Balkan welaýatynyň pileçileri bu ýyl hem bol hasyl öndürip, ýokary üstünlikleri gazanmagy maksat edinýärler. Olar şu ýyl 50 tonna pile taýýarlap, döwlete tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Hut şonuň üçinem welaýatyň tebigy şertlerine uýgunlaşan, ýokary hilli önüm berýän gurçuk tohumynyň 1250 gaby tejribeli ýüpekçilere öz wagtynda degişli şertnamalar esasynda paýlanyp berildi.

Magtymguly etrabara pile kabul ediş we guradyş kärhanasy bilen şertnama baglaşan ýüpekçiler bolsa netijeli zähmet çekip, boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine pugta ynanýarlar. Günbatar sebit boýunça öndüriljek 50 tonna piläniň 36 tonnasy Magtymguly etrabynyň ýüpekçileriniň paýyna düşýär. Serdar etrabynyň ýüpekçileri on tonna, Bereket etrabynyň pileçileri hem dört tonna pile öndürmäge borçlanýarlar.

Şu günler balkanly pileçiler ýüpek gurçuklaryna ideg işlerini tamamlaýjy tapgyrda gowşamaýan depginde gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ýeri gelende aýtsak, iýmitlendiriş otagynyň ýylylyk, çyglylyk, ýagtylyk derejesiniň hem-de howanyň çalşygynyň kadaly üpjün edilmegi oňyn netijeleri berýär. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, şu ýylky ýüpek gurçugynyň Hytaýdan getirilen tohumlary has-da şowly çykypdyr. Bu tohumlar ählitaraplaýyn ygtybarlylygy, önüm berijiligi, şol sanda kesele garşy göreşmek ukybynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Welaýatda ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk iýmitlendirmek üçin tut baglarynyň ýeterlik gorlary bar. Olaryň möçberiniň ýylsaýyn artýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda balkanly ýüpekçileriň çekýän tutanýerli, joşgunly zähmeti olaryň barha ýakynlaşyp gelýän hasyl möwsüminde mynasyp üstünliklere eýe boljakdyklaryna aýdyň şaýatlyk edýär.