Ï Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygyny kabul etdi

view-icon 2177
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomalini kabul etdi.

Myhman ikiçäk söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň ýolbaşçylaryna we dostlukly halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Täjigistan bilen gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk binýadynda alnyp barylýar.

Netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň barşynda köp ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Täjigistanyň halkara hem-de sebit syýasatynyň esasy meselelerine umumy çemeleşmeleri, şeýle hem soňky ýyllarda dowam edip gelýän esasy ugurlarda, ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn giňeltmäge bolan meýilleri kanagatlanma bilen bellediler.

Iki döwletiň köpasyrlyk dostluk däplerinde, deňhukukly, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerinde dowam edýän gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bolan taýýarlygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň barşy hakynda pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin amatly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ugurlary, senagat, elektroenergetika, oba we suw hojalygy, saglygy goraýyş, bilim, ylym, sport ulgamlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Tutuş sebit üçin strategik ähmiýeti bolan möhüm düzümleýin taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilýändigini nazara alyp, ulag-kommunikasiýa pudagyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ýeten derejesine ýokary baha berip, bar bolan mümkinçilikleri, milli bähbitleri hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, ýola goýulýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem söhbetdeşler Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy babatda pikir alyşdylar. Forumyň gün tertibine köpugurly hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, kanun çykaryjy düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhüm meseleleri girizildi.

Myhman forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň möhüm sebit meselelerini çözmekde eýeleýän işjeň we netijeli ornuny hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň maksatlaryna kybap gelýän möhüm başlangyçlaryny Täjigistanyň doly goldaýandygyny nygtady.