Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygyny kabul etdi

view-icon 2980
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de dostlukly goňşy ýurtda doganlyk Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn parahatçylyk dörediji syýasatyň netijesi bolan düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan üstünliklerine, ýeten belent sepgitlerine guwanýandyklaryny aýtdy.

Dostlukly döwletiň parlamentiniň ýolbaşçysy şu günler Aşgabatda geçirilýän, Türkmenistanyň halkara abraýynyň hem-de onuň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň barha ýokarlanýandygyny alamatlandyrýan forumlaryň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe, dostlukly ýurduň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we türkmen hem-de gazak halklaryny täze taryhy eýýamda hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny emele getirýän köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz we myhman duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda barha netijeli häsiýete eýe bolýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini bellediler hem-de giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak toparynyň möhüm orny bellenildi, bu toparyň alyp barýan işleriniň netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigi nygtaldy.

Şeýle hem ylym we bilim, medeniýet, sport ulgamlarynda, tutuşlygyna parahatçylygy, hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň binýat goýujy şerti bolan ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, döwletleriň ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň arasyndaky özara ynama esaslanýan gatnaşyklar, yzygiderli ýagdaýda amala aşyrylýan wekiliýetleriň özara saparlary, parlamentara gatnaşyklaryň giňeldilmegi iki dostlukly ýurduň hem-de doganlyk halklaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönüden-göni ýardam berýär.

Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde hem-de dünýäde howpsuzlygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlarynyň, yzygiderli alyp barýan parahatçylyk dörediji syýasatynyň biziň ýurdumyza Milletler Bileleşiginiň ähli agzalarynyň arasynda, şol sanda Gazagystanda ýokary halkara abraýy getirendigini nygtady. Gazagystan Merkezi Aziýada durnuklylygyň üpjün edilmeginde uly orun eýeleýän Türkmenistany özüniň ygtybarly hyzmatdaşy hasaplaýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman birek-birege ýene bir gezek hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynamyň ýokary derejesiniň geljekde hem döwletara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdiler. Munuň özi taryhy we medeni gatnaşyklaryň umumylygy birleşdirýän iki halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine kybap gelýär.