Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýollady hem-de özara hormat goýmak, netijelilik we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Russiýanyň syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň Hökümet derejesinde, şeýle hem aýry-aýry döwlet we işewür düzümleriň arasynda giňeldilmelidigi, hökümetara toparyň işiniň işjeňleşdirilmelidigi barada aýtdylar.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde, şol sanda ugurdaş komitetleriň arasynda, şeýle hem halkara meýdançalarda parlamentara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen paýtagtynda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu forum sebitiň döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýadynyň üpjün edilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Umumy pikire görä, ähli bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin diňe bir ykdysady bähbit däl, eýsem, dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça syýasy ynam we özara düşünişmek hem esas bolup hyzmat edýär. Şular däp bolan hyzmatdaşlygy esasy ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge itergi berýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hoşlaşyp, birek-birege gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
***
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew bilen şu gün geçiren duşuşygynyň barşynda, iki dostlukly halkyň gadymdan gelýän taryhy, medeni hem-de ruhy umumylygyna esaslanýan türkmen-gazak döwletara we parlamentara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berildi.
Türkmenistanyň sebit we halkara ähmiýetli forumlara taýýarlyk görmekde aýratyn jogapkärli çemeleşmelerini belläp, Gazagystanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň Aşgabatda üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem amala aşyrylýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.
Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň ýolbaşçysy özara düşünişmegiň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nusgasyny görkezýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna ýokary baha berip, türkmen döwletiniň sebit meselelerini oňyn çözmäge, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň berkidilmegine goşýan uly goşandyny nygtady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny üýtgewsiz durmuşa geçirmek bilen, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriniň çäklerinde dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Maulen Aşimbaýewi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeleri hasaba almak bilen, milli parlamentiň we onuň düzümleriniň ygtyýarlyklarynyň ep-esli giňeldilendigini, işgärler düzüminiň sanynyň artdyrylandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi, ol dünýä kanun çykaryjylyk tejribesiniň esasy ugurlaryny özünde jemleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm Konwensiýalaryna gol çekilmegi bilen bir hatarda alnyp barylýan işler türkmen döwletiniň dünýä hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berýär. Işlenip taýýarlanylýan hem-de kabul edilýän kanunçylyk namalary täze taryhy döwürde Türkmenistany syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir.
Söhbetdeşler iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolan parlamentara gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyrylmagy baradaky pikiri beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
***
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytowyň arasynda bolan duşuşykda iki dostlukly döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiligini artdyrmagyň meselelerine garaldy.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň aýdan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol hormatly Arkadagymyzy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, parahatçylygy we durnukly ösüşi, döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini esasy ugur edinýän parlament diplomatiýasynyň ilerledilmeginiň ähmiýeti barada aýdyldy. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parlamentara gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýurtlarymyzyň ynanyşmak gatnaşyklaryna gyşarnyksyz eýerýändiklerini kanagatlanma bilen belläp, söhbetdeşler däp bolan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyklaryny nygtadylar. Bu bolsa dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagyny üpjün eder.
Halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň ýakyndygynyň dürli derejedäki türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin oňyn binýady emele getirýändigi bellenildi. Aýdylyşy ýaly, iki döwlet Merkezi Aziýada durnuklylygyň saklanmagyny, howpsuzlygyň berkidilmegini we sebitde gadymy goňşuçylyk däpleriniň ösdürilmegini esasy ugur edinýär.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň üstünliklere beslenendigine ünsi çekip, söhbetdeşler ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurda köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
***
Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşygy boldy.
Myhman döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. T.Narbaýewanyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzy özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şeýle hem türkmen we özbek halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni, ruhy umumylygyna esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Taraplar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolan parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi boýunça özara pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde iki döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýän geňeşmeleriň we duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigi bellenilip, onuň ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin pugta binýat bolup durýandygy nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda geçirilýän halkara forumlaryň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegine mynasyp goşant boljakdygyna we däp bolan gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.
***
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşan, Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular geňeşiniň Başlygy Eldar Allahýar ogly Guliýew bilen duşuşdy.
Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip hem-de forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, onuň jemleriniň gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça oňyn netijeleri we täze pikirleri getirjekdigine ynam bildirdi. Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny mynasyp ýokary sylagyň — “Hormatly aksakgal” altyn ordeniniň gowşurylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Hormatly Arkadagymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ýurdumyzda parasatly pederlerimiziň, mukaddes däplerine eýerilip, her bir işe başlananda hemişe ýaşulular we halk bilen maslahatlaşylýandygyny we munuň döwleti dolandyrmakda ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribäniň netijeli ulanylmagynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde halk häkimiýetliliginiň şöhratly pederlerimiziň wesýet eden milli däpleriniň ýurdumyzda mynasyp dowam etdirilýändigini nygtady. Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere hil taýdan täze itergi berildi. Düzümine Halk Maslahaty we Mejlis girýän Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň — ýurdumyzyň iki palataly parlamentiniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu waka milli parlamentarizmiň taryhynda täze sahypany açdy. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasyny giňeltmegiň, aýratyn-da, iri halkara parlament düzümleri bilen giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda depginli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzy gadymdan gelýän dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Munuň özi iki halkyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy-medeni we ruhy umumylyklary bilen şertlendirilendir, häzirki döwürde bolsa bu gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmun bilen üsti ýetirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular geňeşiniň Başlygy Eldar Allahýar ogly Guliýew şu günki duşuşygyň iki doganlyk halkyň dostlugyny we hoşniýetli goňşuçylygyny pugtalandyrmakda ýene bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.