mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň wekilçilikli topary BAE-niň Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşar

view-icon 1307
Türkmenistanyň wekilçilikli topary BAE-niň Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky topar BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen oňyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň ägirt uly goşandynyň bolandygyny bellemeli. Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, Hajy Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň dostlukly ýurduň görnükli döwlet Baştutanynyň hatyrasyna guralýan ýas çärelerine gatnaşmaklary, oňa bildirilýän hormatyň nobatdaky beýany bolup durýar.