Ï Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabi şäherinde gulluk iş saparynda bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabi şäherinde gulluk iş saparynda bolar

view-icon 10531

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy sebäpli, bu ýurduň Döwlet ýolbaşçylaryna gynanç bildirmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryna 2022-nji ýylyň 14-nji maýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi.