mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Tango älemindäki joşgun

view-icon 1731
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
Tango älemindäki joşgun
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde tango žanrynyň konserti geçirildi.

Dirižýor Resul Gylyjow saz muşdaklary üçin joşgunly tango eserleriniň ençemesini taýýarlapdyr. Konsertde esasan wagtynda «Beýik Astor» adyny alan argentinaly kompozitor Astor Pýassollanyň eserleri ýaňlandy.

Orkestr ajaýyp «Arap tangosyny» ýerine ýetirdi. Müsürli kompozitor Farid Al-Atraş bu sazy «Ömrümiň söýgüsi» filmine ýazypdyr, şondan bäri «Arap tangosy» dünýäde bu saza aşyklaryň ýüreginde orun tutdy.

Solistler Selbi Öwezowanyň (fleýta), Ýusup Öwezowyň (klarnet), Aýbölek Muhyýewanyň (skripka), Guwanç Şammyýewiň (akkordeon) çalmagynda hyjuwyň buýsançly sazy ýaňlandy.

Jaz amplualy wokalçy Maýsa Nyýazowa üýtgeşik ses tembrinde labyzly aýdym aýtdy.

Tango tanssyz bolarmy – «АРТ-МОТIОN» tans konsertiň şowhunyny artdyrdy. Olar nepis çeýeligi bilen tomaşaçylaryň ählsiniň söýgüsini gazandy.