mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen türgenleriniň Aziýa Kubogyndaky gazanan üstünligi

view-icon 1569

Türkmen türgenleri Gazagystanyň Almaty şäherinde tanamlanan ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen dzýudo boýunça Aziýa Kubogynda üstünlikli çykyş etdiler.

Ýaşlaryň arasynda 50 kg çenli agram toparynda altyn medala jemleýji göreşde özbegistanly garşydaşyndan üstün çykan Mekan Remezanow mynasyp boldy. Gyzlardan 44 kg çenli agram toparynda kümüş medaly Gurbanaý Gurbanowa gazandy.

Ýaryşlara 2005-2006-njy ýyllarda doglan ýetginjek dzýudoçylar we 2002-2004-nji ýylda doglan türgenler gatnaşdylar.

Ýaryşlar iki yklymyň 6 ýurdundan, şol sanda, Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen 500 dzýudoçyny bir ýere jemledi.

Aziýanyň ýetginjekler kubogynyň ýaryşynda 57 kg çenli agram toparynda çykyş eden Maýsa Pardaýewa altyn medaly gazandy.