Ï Kazyýetiň täze binasy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kazyýetiň täze binasy açyldy

view-icon 6709
Kazyýetiň täze binasy açyldy
Kazyýetiň täze binasy açyldy
Kazyýetiň täze binasy açyldy
Kazyýetiň täze binasy açyldy
Kazyýetiň täze binasy açyldy
Kazyýetiň täze binasy açyldy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň uly dabaralara beslenip bellenilýän günlerinde Lebap welaýatynyň Kerki etrap kazyýetiniň işgärleri ajaýyp toý sowgadyny aldylar. Bu ýerde şanly baýramyň öňüsyrasynda iki gatly, ähli amatlyklary bolan edara binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň guran täze bina häzirkizaman tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen iş otaglaryndan, arhiw üçin otagdan, mejlisler we maslahatlar zalyndan, şeýle hem “Galkynyş” otagyndan ybaratdyr. Bu ýerde raýatlary kabul etmek üçin amatly şertleriň döredilipdir.

Täze binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bag nahallary oturdylypdyr. Şeýle hem bu ýerde myhmanhana, sport zaly, gök-bakja önümlerini ýetişdirmek üçin ýyladyşhana, awtoulaglar üçin ýöriteleşdirilen duralga bar.

Welaýatyň we Kerki etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleriniň, şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen açylyş dabarasynda hoşallyk çykyşlary, medeniýet we sungat işgärleriniň şowhunly aýdymdyr tanslary bagtyýarlygymyzyň kepili Baş kanunymyzyň, Ýaşyl tugumyzyň baýramçylyk ruhy bilen utgaşyp, kalplarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.