Ï Bank karty arkaly ýol tölegi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bank karty arkaly ýol tölegi geçirilýär

view-icon 10105
Bank karty arkaly ýol tölegi geçirilýär

Aşgabadyň ýolagçy ulaglarynda indi «Altyn asyr» we «Maşgala» katlary arkaly ýol tölegini geçirip bolýar.

Täze hyzmat şäher ulaglaryny sanlylaşdyrmak we ýolagçylara hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen girizilýär.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň habar berilmegine görä, bu hyzmat şäher awtobuslarynyň ählisinde elýeterlidir. Töleg etmek üçin galtaşyksyz NFC tölegleri geçirýän bank kartlaryny giriş işikdäki tutarlara oturdylan enjamlara degirmek ýetikdir.

«Türkmenawtoulaglary» Agentligi we Aşgabadyň awtoulaglar kärhanasy öňem şäher ulaglary barada möhüm maglumat berýän «Duralga» ykjam goşundyny işläp taýýarlapdy we ornaşdyrypdy.