Ï Babadaýhanlaryň gujurly zähmeti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Babadaýhanlaryň gujurly zähmeti

view-icon 4371
Babadaýhanlaryň gujurly zähmeti

Diýarymyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak we içerki bazarlary özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekarançylary ýeralmadan, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar.

Şu ýylyň baharynda geçen ýylkydan iki esse köp – 100 gektar ýere hyýar, 385 gektar meýdana kelem ekildi, munuň özi geçen ýyldakyndan 200 gektar köpdür. Agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ekinlere ýokary derejede ideg edilmegi netijesinde ýerli babadaýhanlar şu ýyl 2 müň tonna hyýar we 9625 tonna kelem ýetişdirmegi maksat edinýärler. Ol geçen ýyldakydan degişliklikde 1000 we 5000 tonna köp. Welaýatyň ekerançylary ýeralmanyň we soganyň ekişini öz wagtynda tamamladylar.

Ýerli babadaýhanlar ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen giň möçberli toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýärler. Şonuň bilen birlikde tebigy-howa şertlerine gabat gelýän ekinleriň sortlaryny saýlamakda häzirkizaman ylmy maslahatlary toplanan tejribeler bilen şowly utgaşdyryp, suw hem-de kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanýarlar.