Ï Ýurdumyzyň Täjigistandaky Ilçihanasy Duşenbe şäherinde «Muzeýde agşam» atly halkara çäresine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň Täjigistandaky Ilçihanasy Duşenbe şäherinde «Muzeýde agşam» atly halkara çäresine gatnaşdy

view-icon 4687
Ýurdumyzyň Täjigistandaky Ilçihanasy Duşenbe şäherinde «Muzeýde agşam» atly halkara çäresine gatnaşdy

Şu gün 2022-nji ýylyň şygarynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» yglan edilmeginiň çäklerinde, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli muzeýiniň binasynda geçirilen «Muzeýde agşam» atly halkara çäresine gatnaşdy.

Halkara muzeýleriň güni mynasybetli guralýan serginiň açylyş dabarasyna Duşenbede işleýän diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary, ylmy intelligensiýanyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Milli öwüşgünde guralan türkmen ekspozisiýasyny milli egin-eşiklerimiz, şaý-seplerimiz hem-de el halylarymyz, ussat zenanlarymyzyň zähmeti siňen el işleri we nepis keşdeler şeýle-de türkmen halkynyň gaýtalanmajak özboluşlylygyny açyp görkezýän suratlar we halk döredijiliginiň beýleki eserleri bezedi.

Şeýle-de çäräniň myhmanlary Gahryman Arkadagymyzyň ýazan eserleri hem-de Türkmenistanyň dürli ulgamlarynda gazanan belent sepgitleri bilen tanyşdyrýan neşirler we kitaplar bilen tanyşdylar. «Muzeýde agşam» atly halkara çäresine gatnaşanlar Türkmenistanyň Konstitusiýa hem-de Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan stende aýratyn üns berdiler. Bu stend Türkmenistanyň Baş Kanunynyň kabul edilmeginiň geçen 30 ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylan beýik özgertmeler bilen giňişleýin tanyşdyrýar.

Bagşylaryň ýerine ýetiren milli sazlary Türkmenistanyň stendiniň özboluşly bezegi boldy. Mälim bolşy, 2021-nji ýylda halk döredijiliginiň bu görnüşi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmen sergisine gatnaşanlara milli tagamlarymyz hödür edildi.