Ï Uzynadadaky täze guýunyň geljegi uly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uzynadadaky täze guýunyň geljegi uly

view-icon 6007
Uzynadadaky täze guýunyň geljegi uly

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümlerinde bu gün netijeli işler alnyp barylýar. Konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary has-da öndürijilikli zähmet çekmek bilen mynasyp işleri bitirýärler.

Olar Balkan welaýatynyň çägindäki känlerde önümçilik-geofiziki barlag işleri geçirilenden soň önümli guýularyň 10-syny burawlap, nebitçilere tabşyrdylar. Has takygy, geçen döwürde burawlaýjylar 52196 metr ýerasty çuňlugynda buraw işlerini ýerine ýetirdiler. Şonuň 46994 metri hem ulanyş maksatly çuňluklar bolup durýar.

Şeýle şowly netijäniň gazanylmagyna-da Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary saldamly goşant goşdular. Täzelikde olar Uzynada baýlyklar känindäki 77-nji guýynyň buraw-gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar.

Uzynada käni Esenguly etrabyna degişli bolup, ol Hazar deňziniň ýalpaklygy bilen araçäkleşýär. Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. Ol häzirki wagtda bir gije-gündizde 91 müň kub metr tebigy gaz we 70 tonna nebit kondensatyny berýär.

Balkanly hünärmenleriň degişli maglumatlara salgylanyp gürrüň bermeklerine görä, täze açylan guýy ýakyn geljekde has köp önüm berer. Munuň özi, Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly goşant bolar.