Ï «Altyn asyr» – Aşgabat kubogynyň eýesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» – Aşgabat kubogynyň eýesi

view-icon 4712
«Altyn asyr» – Aşgabat kubogynyň eýesi
camera-icon
tff.com.tm

Paýtagtly «Altyn asyr» topary futbol boýunça Aşgabat kubogyny eýeledi. Türkmenistanyň sekiz gezek we häzirki çempiony bu üstünligi jemleýji oýunlarda «Aşgabatdan» üstün çykmak (2:0) bilen gazandy. 

Bu duşuşyk paýtagtymyzyň Büzmeýin etrap stadionynyň meýdançasynda geçirildi.

Hasaby 62-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew açdy. Şonuň dört minut yzýany Mihail Titow oýnuň gutarnykly hasabyny «ýazdy».

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyny ýeňşe Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, 46 ýaşly Ýazguly Hojageldiýew alyp bardy. 

Üçünji ýer ugrundaky ýaryşda paýtagtyň «Köpetdagy» «Ahalyň» ýaşlar toparyny 3 : 1 hasabynda ýeňdi. Birinji ýarymda Türkmenistanyň IIM-iň topary Döwletgeldi Çaryýewiň 6-njy minutda uran takyk urgusy netijesinde 0 : 1 hasabynda utulýardy. Ýöne arakesmeden soň Tofik Şükürowyň şägirtleri garşydaşlarynyň derwezesine üç top geçirmek bilen ynamly ýeňiş gazandylar. Ýeňiji topardan iki top geçiren Batyrgylyç Berdiýew (55-nji we 66-njy minutlar), bir top geçiren Yhlas Saparmämmedow (56-njy minut) öňe saýlandy.

Dört toparyň gatnaşmagynda geçen Aşgabat kubogy onuň ýeňijisi üçin 24-nji iýunda Duşenbede geçiriljek AFK-2022 kubogynyň öňýany taýýarlyk synagy boldy.

Bu ýaryşda Türkmenistanyň çempiony «E» toparda Özbegistanyň wise çempiony «Sogdiana« (Jizak), Gyrgyzystanyň 2021-nji ýyldaky kubogynyň eýesi «Nebitçi» (Koçkarata) we Täjigistanyň bürünç medalynyň GMSK (Duşenbe) bilen oýnamalydygyny ýatladýarys.