Ï «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalyna gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalyna gatnaşyjylara

view-icon 5681

Hormatly teatr artistleri, medeniýet we sungat ussatlary!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Ajaýyp bahar paslynda geçirilýän bu sungat baýramynyň milli teatr sungatymyzyň, köp müňýyllyk taryhly medeniýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goldaw boljakdygyna berk ynanýaryn.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda gurmaga hem-de döretmäge esaslanýan döwlet syýasatymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Watanymyzyň asudalygyny goramakda, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde, sebitde parahatçylygy we halklaryň dost-doganlygyny, birek-birege ynanyşmagy berkitmekde giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny, şonuň bilen bir hatarda teatr sungatyny ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar.

Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragy ösen medeniýetiň we sungatyň ojagy hökmünde bellidir. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşdy. Asyrlaryň jümmüşinde eziz Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we hereketlendiriji güýji bolmak bilen, milli teatr sungatymyzyň, şöhratly Oguz paýhasynyň dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetlerine oňyn täsir etmegine giň şertleri döretdi. Şol bir wagtyň özünde goňşy we alys ýurtlaryň halklarynyň medeniýetleri türkmen teatr sungatynyň baýlaşmagyna uly itergi berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen teatr sungatymyz döwletleri we halklary medeni-ynsanperwerlik babatda özara baglanyşdyrmaga, köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde teatrlaryň altysy, şeýle hem Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat teatrlary hereket edýär. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde drama teatrynyň gurluşygy alnyp barylýar. Teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda karar kabul etdik. Bu işleriň ählisi teatr artistlerini, medeniýet we sungat ussatlaryny zähmet üstünliklerine, il-ýurt bähbitli beýik işlere, täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Türkmen teatr sungatynyň görnükli wekilleri bolan Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Alty Garlyýew, Muhammet Çerkezow, Sabyr Ataýewa, Sona we Suraý Myradowalar, Artyk Jallyýew, Ata Döwletow, Hommat Müllük ýaly zehinli teatr artistleriniň at-abraýy bütin dünýäde bellidir. Olar uçursyz tebigy zehini we zähmetsöýerligi bilen teatr sungatynda öçmejek yz galdyrdylar hem-de ussatlarça janlandyran keşpleri bilen döredijilik dünýäsinde meşhurlyk gazandylar. Biziň wezipämiz sahna ussatlarynyň ýoluny mynasyp dowam etdirjek ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr.

Hormatly sungat ussatlary!

Teatr sungaty halkymyzyň köp asyrlyk medeniýetiniň köklerini özünde jemlemek bilen, jemgyýetimizde eziz Watanymyza, mähriban halkymyza beýik buýsanjy we ynsanperwerlik duýgusyny terbiýeleýär, ýaş nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň belent düşünjeleriniň kemala gelmegine ýardam edýär.

Sahnalaşdyrylýan eserler bu günki gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen öňe - beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýarlar we jemgyýetçilik durmuşyna täze öwüşgin çaýýarlar, belent maksatlara ruhlandyrýarlar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýarlar. Olar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri bolup hyzmat edýärler. Köp asyrlyk milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny açyp görkezýärler, türkmen sungatynyň dünýä teatr sungatynyň ösüşindäki ornuny aýdyň kesgitleýärler.

Festiwala gatnaşýan teatrlaryň döredijilik toparlary tarapyndan täze sahnalaşdyrylan oýunlaryň esasy bölegi Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän çuňňur pelsepewi eserleriň esasynda döredilendigi aýratyn buýsandyryjydyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän çuňňur mazmunly eserler durmuşymyzyň ähli ugurlarynda belent maksatlara ýetmekde ýolgörkeziji şamçyrag, ruhlandyryjy ylham çeşmesi bolup hyzmat edýärler.

Hormatly sungat festiwalyna gatnaşyjylar, medeniýet we sungat ussatlary!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş sungat işgärleri üçin döredijilik ylhamynyň, ösüşiň we zähmet ýeňişleriniň egsilmez çeşmesi boljak «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar Berdimuhamedow