Türkmenistanyň ilatyna güneşli, maýyl hepde garaşýar. Eýsem-de bolsa, az salymlyk ýagyş ýagmagy mümkin. Käbir etraplarda şemalyň güýçlenmegi çak edilýär. Ýurdumyzyň sinoptiklarynyň deslapky çaklamalaryna görä, howanyň ortaça temperaturasy +30...+35°C bolar.
Aşgabatda bulutsyz aýdyň howa bolup, gündizlerine +33…+35°C, gijelerine +16…+18°C bolar. Hepdäniň dowamynda gündizki görkezijiler +26°C çenli peseler. Hepdäniň ahyrynda gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günleri ýagynsyz geçer ‒ +29…+31°C.
Ahal welaýatynda az bulutly howa bolar: gündizlerine +24…+32°C, gijelerine +14…+17°C. Anna güni käbir ýerlerde ýagyş ýagmagy garaşylýar.
Balkan welaýatynda şemally howa bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy gündizlerine +26 ‒ +37°C, gijelerine +16…‒ +25°C aralygynda üýtgäp durar, ýagyş ýagmagy mümkin.
Mary welaýatynda hakyky tomus howasy bolar. Hepdäniň başynda diýseň yssy ‒ gündizlerine +40°C, gijelerine +20…+22°C bolar. Bu ýerde güýçli şemal öwüsginleri hem garaşylýar. Hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar.
Lebap welaýatynda şemally howa bolar: gündizlerine howanyň temperaturasy +30…+37°C, gijelerine +18…+21°C.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, temperatura gündizlerine +29…+33°C, gijelerine +17…+19°C görkezer. Dynç günleri güneşli aýdyň howa bolar.