Könürgenç etrabynda uly ýük ulaglaryna hyzmat edýän hususy duralganyň gurluşygy başlandy. Ol Könürgenç şäheriniň Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezi bilen baglaýan gara ýolyň golaýynda ýerleşýär.
Ýerli telekeçiniň gurýan täze desgasy üç gektar ýeri tutýar. Bu ýerde ulaglaryň durýan ýerinden başga-da, gözegçilik çukurly we zerur ýörite tehnikalar uly ýük ulaglaryna tehniki hyzmat zolagyny, tigirleri bejeriş hyzmat nokadyny we ýuwalgany, onuň ýeterlik derejede işlemegi üçin zerur beýleki desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Täze telekeçilik taslamasynyň geljegi uly hasaplanylýar, çünki ol sebitiň köp gatnawly iň uzyn ýolunyň ugrunda we häzirki wagtda önümleri daşary ýurtlara üstünlikli eksport edilýän döwrebap dokma kärhanasynyň golaýynda ýerleşer.
Daşoguz welaýatynda hem awtoulaglaryň köpelýänligi, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak talaplary göz öňünde tutulyp, şäherleriň hem-de obalaryň doly derejeli durmuş we ýol-ulag düzümleri bilen üpjün edilemgine uly üns berilýär. Sebitiň mundan beýlägem ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýetli ýol-ulag düzümleri giň möçberli dürli maksatnamalaryň çäklerinde döwletiň yzygiderli gönükdirýän serişdeleriniň hasabyna döwrebaplaşdyrylýar. Gara ýollaryň, olar bilen baglanşykly, şol sanda hyzmat ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygyna we olaryň durkuny täzelemäge ýerli telekeçileriň goşandy barha artýar.