2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Tähranda YHG-niň Sekretariatynda «YHG-niň netijeliligini ýokarlandyrmak we tanymallygyny artdyrmak» atly mowzuk bilen iş duşuşygy öz işine başlady. Mejlis agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk edýär.
YHG-niň Baş sekretary Husraw Noziri tarapyndan açylan ýokary derejeli duşuşyk plenar mejlisiden we iki sany iş tapgyryndan ybaratdyr.
Sessiýa takyk meseleleriň birnäçesine, hususan-da pandemiýadan soňky ýagdaýlarda sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy üçin usullar we ýollar hem-de 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirilen YHG-niň sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek bilen bagly meselelere seretmäge gönükdirilendir.
Birinji güni sebitleýin söwdanyň we özara gatnaşyklaryň, agza-ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem agza-ýurtlaryň arasynda üstaşyr ugrundaky hereketleriň giňeldilmeginiň, amallaryň birmeňzeş we ylalaşylan bolmagynyň zerurdygy pikirinde ylalaşdylar.
Mundan başga-da, YHG-nyň we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Guramanyň taslamalaryny durmuşa geçirmek we oalry maliýeleşdirmek üçin utgaşdyryjy usullaryň işlenip düzülmegi boýunça meselelere seredilmegi meýilleşdirilýär.