Ï Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi döredilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi döredilýär

view-icon 8309
Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi döredilýär

Şu ýylyň ahyrynda Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar.

Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýär. Olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgalary, edara binalary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bar. Täze welaýat merkezinde sanly ulgam hem-de öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasy ornaşdyrylar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmasy esasynda Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşyk işlerini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Täze açyljak ýokary okuw mekdebiniň düzüminde aýlaw, türgenleşik meýdançalary, manežler we athanalar bolar. Täze açyljak ýokary okuw mekdebiniň geljekki uçurymlary atçylyk ugrundan alan hünärleri boýunça ahalteke bedewleriniň anatomik, fiziologik we psihologik aýratynlyklaryny, seýisçiligiň we tohum seçgisiniň taryhyny, atlary idetmegiň hem-de giň möçberli tohumçylyk işiniň ýörelgelerini we döwrebap usullaryny, atçylygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny öwrenerler.

Ahalteke atşynaslygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli iş alyp barmak üçin pudaklaýyn Ylmy-önümçilik merkeziniň maddy üpjünçiligine uly üns berilýär.

Ahal welaýatynyň Halkara atçylyk sport toplumy bilen birlikde bu binalar bütewi ulgam döredip, atşynaslygy we milli atçylyk sportuny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge hem-de dünýäde iň gadymy owadan tohum atlaryň şöhratyny artdyrmaga ýardam eder.