Ï BMG-niň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi

view-icon 6050
BMG-niň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda BMG-niň Maksatlaýyn gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işlere ýaşlary çekmek» atly Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Bilelikdäki Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen maslahat geçirildi.

Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we onuň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän sport mekdepleriniň wekilleri şeýle hem welaýatyň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, polisiýa müdirlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň degişli hünärmenleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň buýrugy bilen tassyklanan, «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işlere ýaşlary çekmek» atly Maksatnamanyň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak boýunça Ýerli komitetiň düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň gyzyklanmalaryny we bähbitlerini öwrenmegiň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem 2021 – 2025-nji ýyllar üçin ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çaklerindäki Döwlet Maksatnamasyny ýerine ýetirmeklige adam howpsuzlygyny üpjün etmek bilen ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklygyny gazanmak ýaly meseleleri öz içine alýan Tegelek stol geçirildi.