Ï «Aşgabat» seýilgähindäki çagalar baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Aşgabat» seýilgähindäki çagalar baýramy

view-icon 13108

31-nji maýda paýtagtymyzyň «Aşgabat» dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çärä 200-den gowrak oglan-gyz gatnaşdy. Olaryň arasynda ýöriteleşdirilen we kömekçi mekdep-internatlaryň okuwçylary, köp çagaly maşgalalardan bolan we körpeler gatnaşdylar. 

«Keýikokara» jemgyýetçilik guramasynyň meýletinçileri baýrama gatnaşýanlar üçin bäsleşik we oýunlary guradylar. Mundan başga-da, körpelere attraksionlarda aýlanmak, şirin nygmatlar, aýratyn-da yssy günde janyňa hoş ýakýan doňdurmalar hödürlendi. Oglan-gyzlar üçin dürli bäsleşikler guraldy. Olaryň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çäre tamamlanandan soň, guramaçylar baýramy guramaga we geçirmäge goldaw berenleriň ählisine köp-köp hoşallyk bildirdiler.