Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý edýär

view-icon 25636
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý edýär

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri ugratdylar. Olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ak ýol arzuw edip, Muhammet pygamberiň Watanynda etjek zyýaratynyň kabul bolmagyny dilediler.

Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolunyň ak, işleriniň rowaç, hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlaryny nazarlaýan tutumlarynyň şowly, doga-dilegleriniň kabul bolmagyny dileg etdi.

Arkadagly Serdarymyz bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň hem gidendigini bellemeli.

...Hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz uçara mündi.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Saud Arabystany Patyşalygynyň “ykdysady paýtagty” diýlip atlandyrylýan we ululygy boýunça ikinji şäheri bolan Jidda tarap ugur aldy.

Uçuşyň dowamynda Arkadagly Serdarymyz bilen bilelikde keramatly ýerlere zyýarata barýan hormatly ýaşulular we ak gyňaçly eneler yslam dünýäsinde mukaddes çäreleriň biri hasaplanýan umra hajyny berjaý etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Olar mähriban Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda yzygiderli tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini dileg etdiler.

Birnäçe wagtdan soň, wekiliýetiň ähli agzalary zyýarat üçin niýetlenen yhram lybasyny geýdiler. Hormatly Prezidentimiz wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, olaryň zyýaratlarynyň kabul bolmagyny dileg etdi we hormatly ýaşulularyň, eneleriň hal-ahwallary bilen gyzyklandy.

Zyýarata barýan ýaşulular we dili senaly eneler, ilkinji nobatda, Arkadagly Serdar bilen bir uçarda mukaddes ýerlere gitmegiň özleri üçin belent mertebedigini nygtadylar we bildirilen hormat üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň zyýaratynyň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Jidda ýurduň diňe bir iri diplomatik we ykdysady merkezi bolman, eýsem, yslamyň esasy mukaddesliklerine — Mekge we Medinä haj parzyny berjaý etmäge gelýän köp sanly musulmanlaryň ilki bilen ýygnanýan ýeridir.

Dört sagada golaý uçuşdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Mekge welaýatynyň häkimi, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň geňeşçisi Halid bin Feýsal Al Saud we beýleki resmi adamlar garşylaýarlar.

Jiddanyň Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni yslam dünýäsiniň ruhy paýtagtyna — mukaddes Mekge şäherine ugraýar.

Bu ýerde biziň eýýamymyzyň 570-nji ýylynda yslam dinini esaslandyran Muhammet pygamber dünýä inýär. Yslam dinine görä, Muhammet pygamber iň soňky pygamber we Allatagalanyň resuly bolup, oňa mukaddes kitap — Gurhan inderilýär.

Mekge ýylda millionlarça musulmany kabul edýän halkara zyýarat merkezidir. Hut şu ýerde — mukaddes şäheriň ýüreginde, dünýäniň iň uly we esasy metjidi bolan Al-Haram metjidi ýerleşýär. Bu metjit öz taryhynyň dowamynda birnäçe gezek täzeden guruldy. Soňky ýyllarda onda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi we giňeldildi. 1980-nji ýyllaryň ahyrynda geçirilen abatlaýyş işleriniň barşynda metjidiň günorta-günbatar tarapynda iki minaraly täze, uly bina guruldy. Hut şu binada hem metjidiň esasy girelgesi — Patyşa Fahdyň derwezesi ýerleşýär.

2007 — 2012-nji ýyllar aralygynda Saud Arabystanynyň Patyşasynyň — Iki mukaddesligiň hyzmatkäriniň gözegçilik etmeginde Al-Haram metjidinde nobatdaky giň möçberli abatlaýyş işleri geçirildi. Esasan, demirgazyk tarapa giňeldilmeginiň netijesinde, onuň eýeleýän meýdany 400 müň inedördül metre çenli ýetdi. Ozalky 9 minaranyň üstüne ýene-de ikisi goşuldy, şeýle-de Patyşa Abdallanyň täze derwezesi guruldy.

Al-Haram metjidiniň içerki howlusynyň merkezinde yslamyň esasy mukaddesligi — Käbe ýerleşýär. Ol daşdan gurlan hem-de beýikligi 15 metr kub görnüşli bina bolup, onuň çüňkleri dünýäniň dört tarapyny görkezýär.

Her ýyl Käbe üçin gara reňkli ýüpek matadan ýörite ýapynja taýýarlanylýar. Onuň ýokarky bölegi altyn sapaklarda ýazylan Gurhanyň süreleri bilen bezelýär.

Käbe “al-Bait al-Haram” diýlip atlandyrylyp, arapça «mukaddes öý» diýmegi aňladýar. Dünýäniň ähli musulmanlary üçin ol kybla bolup hyzmat edýär. Musulmanlar namaz okanlarynda, ýüzlerini şoňa tarap öwürýärler.

Käbäniň gündogar tarapynda, bir ýarym metr belentlikde Allatagala tarapyndan inderilen Hajar al-Asweti (Gara daş) oturdylypdyr. Zyýarat wagtynda musulmanlar şol daşa ellerini degirýärler.

Rowaýata görä, Gara daş asmandan inen wagtynda göz gamaşdyryjy ap-ak reňkde bolup, ony Mekgeden dört günlük uzaklykdan hem görmek mümkin eken. Soňra günä iş edenleriň köp sanlysynyň elleriniň degmegi bilen, ol garalyp, şu wagtky durkuna ýetipdir.

Şeýle hem Al-Haram metjidinde mukaddes Zemzem çeşmesi bar. Şol çeşmäniň töwereginde-de Mekge döräpdir.

Haj diňe bir mukaddes ýerlere zyýarat we uly sogap işleriň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, yslamyň bäş parzynyň biridir hem-de mümkinçiligi bolan her bir musulman üçin hökmanydyr, ýöne adamlaryň millionlarçasy haj üçin kesgitlenen ýörite aýda däl-de, ýylyň islendik beýleki wagtynda umra hajyny ýerine ýetirýärler.

Umra we haj ýerine ýetirilenden soňra, musulmanlaryň köňli aram tapyp, ruhy taýdan päklenýär diýlip düşünilýär.

...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň din wekilleriniň ugratmagynda Al-Haram metjidine bardy. Mukaddes Al-Haram metjidiniň ýanynda döwlet Baştutanymyz we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary öýle namazyny (Mültezem) okadylar. Şondan soňra Arkadagly Serdarymyz we türkmen zyýaratçylary umra haj üçin ähli dessurlary ýerine ýetirip başlaýarlar.

Yhram haj we umra dessurlaryny ýerine ýetirmek zyýaratçynyň mukaddes dessury berjaý etmäge girişmegini niýet edinýändigini alamatlandyrýan ilkinji hereket bolup durýar.

Zyýaratçylar haj parzyny berjaý etmezden ozal, tutuş bedenini tämizleýärler we mukaddes parzy ýerine ýetirmegi niýet edinýändigini eşidiler ýaly edip aýdýarlar hem-de ýörite doga okaýarlar.

Päk niýetliligi we Allatagalanyň öňünde hemmäniň deňligini aňladýan ýörite ak lybas geýnen zyýaratçylar hökmany tawafy ýerine ýetirýärler, ýagny Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanýarlar. Ýöriş mukaddes
Gara daşyň sag burçundan başlanýar.

Bu dessur sag eliňi galdyryp, Käbä salam bermek bilen başlanýar.

Ýedilik san yslamda möhüm hasaplanýar. Tawaf dünýä gurluşyny we ýekehudaýlylygy alamatlandyryp, Käbäniň daşyndan her bir aýlaw “Allahu Ekber” diýen sözler bilen jemlenip, ol kämilligiň täze tapgyryny alamatlandyrýar.

Mukaddes Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gara daşyň ýanyna barýar we Beýik Biribardan doga-dileg edip, türkmen halkyna eçilen rysgal-berekedi, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň, ata Watanymyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň bähbidine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigi üçin Allatagala şükranalyk etdi.

Goý, Beýik Biribar türkmen topragyndan baran zyýaratçylary öz penasynda aman saklasyn! Allatagalanyň mukaddes öýünde olaryň doga-dilegleri kabul bolsun!

Soňra zyýaratçylar kaşaň metjit toplumynyň çäginde ýerleşýän Makam Ybraýym atly ýere geldiler. Rowaýata görä, hut şu ýerde Käbäniň gurluşygy mahalynda Ybraýym pygamber durupdyr. Häzirki döwürde bu ýerde uly bolmadyk, gümmezli desga ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de wekiliýetiň agzalary mukaddes Zemzem çeşmesinden suw içdiler we Beýik Biribardan doga-dileg etdiler.

Soňra türkmen zyýaratçylary saý dessuryny ýerine ýetirdiler, ýagny Gurhanda ady geçýän Safa we Merwe daglarynyň arasynda ýedi gezek aýlandylar. Bu dessur hem sag eliňi ýokary götermekden başlanýar.

Musulmançylykda bu dessuryň ýüze çykmagynyň birnäçe düşündirişi bar. Olaryň has giňden ýaýrany hem bu dessuryň Bibi Hajaryň ogly Ysmaýyl üçin suw gözläp, iki dagyň arasynda eýläk-beýläk aljyrap ylgandygyny aňladýan düşündirişdir. Perişdeleriň biri aljyran zenana rehimi inip, aýagy bilen ýeri depýär we ol ýerde gudrat bilen Zemzem çeşmesi döreýär.

Saud Arabystany Patyşalygynyň ýörite din wekili türkmen zyýaratçylaryna dessuryň aýratynlyklary barada gürrüň berýär. Soňra olar bu ýerde okamaly dogany gaýtalaýarlar.

Bu dessur tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz we ýanyndaky adamlar iki rekagat nepil namazyny okadylar.

Saud Arabystany Patyşalygynyň ýörite din wekili hormatly Prezidentimiziň kakasy — hajy Arkadagymyzyň haj parzyny berjaý eden mahalynda, onuň ýanynda bolmak bagtynyň miýesser edendigini uly buýsanç bilen ýatlady.

Bu ýerde umra hajy berjaý etmek bilen baglanyşykly ähli dessurlar ýerine ýetirildi.

Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede hormatly Prezidentimiziň zyýaratynyň çäklerinde mukaddes Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin ýörite mümkinçilik döredildi. Munuň özi hajy Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, umuman, tutuş türkmen halkyna çuňňur hormat-sarpanyň nyşany boldy.

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz mukaddes Gara daşy öpüp, oňa togap etdi. Hormatly Prezidentimize üç ýerde — Muhammet pygamberiň namaz okan ýerinde, Käbäniň içki diwarynyň ýanynda, Gara daşyň iç ýüzündäki keramatly burçunda namaz okamaga mümkinçilik döredildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde musulman dünýäsiniň asylly dessurlaryny birkemsiz berjaý edip, mukaddesliklere togap etdi.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň maý aýynda mukaddes Käbä zyýaraty wagtynda hajy Arkadagymyza hem şeýle belent hormat bildirilip, teperrik gowşurylypdy.

Ine, bu gün bolsa Arkadagly Serdarymyza mukaddes Käbeden keramatly nyşan hasaplanýan teperrik gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz munuň üçin minnetdarlyk bildirip, bu teperrigi Türkmenistana we zähmetsöýer türkmen halkyna bildirilen çäksiz hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Käbäniň daşyna çykyp, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, nurana geljeginiň, Watanymyzyň berkararlygynyň, abadançylygynyň, ählumumy parahatçylygyň we hajy Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaç almagynyň bähbidine ýagşy dilegleri etdi.

Hormatly Prezidentimiziň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary dowam edýär.