Ï Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

view-icon 11135
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň tomusky dynç alyş mowsuminiň ilkinji tapgyry badalga aldy. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen körpeleriň uly topary mähirli garşylandy.

Dynç alyş möwsümi başlandygy mynasybetli guralan şowhunly dürli çäreler bu meşhur zolagyň çar künjegini gurşap aldy. Şeýle çäreler «Ahal», «Balkan», «Daşaguz», «Lebap», «Mary» myhmanhanalarynda ýaýbaňlandyryldy. Şunuň ýaly şowhunly çäreler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» we Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawotlar toplumynyň «Arzuw» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýokary derejede geçirildi.

Dynç alyşyň ilkinji gününde çagalar döredilen döwrebap şertler we mümkinçilikler bilen içgin tanyşdylar. Onuň dowamynda ruhubelent körpeler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gozelliklerine syn etdiler. Şonuň ýaly-da bu täsin künjegiň «Awaza» akwoparkynda hem-de «Älemgoşar», «Jadyly kenar» seýilgählerinde gyzykly gezelençlerde boldular. Mawy deňziň kenaryny bezäp oturan seýilgähler, myhmanhanalar, şypahanalar, sagaldyş merkezleri, sport we beýleki dynç alyş toplumlary çagalarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri döretdi.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň bütin dowamynda çagalar bu ýerde wagtlaryny hoş geçirip, şeýle gyzykly pursatlaryň, dürli täsinli çäreleriň şaýady bolarlar.