Ï «Awazada» şypahana hyzmatlarynyň hil derejesi ýokarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awazada» şypahana hyzmatlarynyň hil derejesi ýokarlanýar

view-icon 5943
«Awazada» şypahana hyzmatlarynyň hil derejesi ýokarlanýar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde-Hazar deňiziniň ekologiýa taýdan arassa şypaly, sapaly kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýa jahankeşdeliginiň merjenine öwrüldi. Bu jenneti künjekde ýerleşýän «Awaza» şypahanasy degişli düzüminiň üstüni ýetirmek bilen, döwletli Dyýarymyzda deňiz şypahanasyny ösdürmekde ýene-de bir aýgytly ädim boldy. Ösen häzirki zaman dünýäsiniň ýokary hil ülňülerine laýyk guralan bu ajaýyp desga işe girizilen ilkinji gününden bäri raýatlarymyza ýokary derejede hyzmat edip gelýär. Muňa şu günler «Awaza» şypahanasynda raýatlarymyzyň saglygy barada alnyp barylýan işler bilen tanşanyňda aýdyň göz ýetirýärsiň.

«Awaza» şypahanasy bu gün Awazanyň binagärlik keşbini, onuň geografik taýdan gurluş düzümini baýlaşdyryp sapaly künjegiň gözelligine has-da görk goşýar. Ýigrimi müň inedördül metre golaý meýdany tutýan bu toplum dünýäniň iň bir kämil, ösen lukmançylyk enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilendir. Şypahananyň ýöriteleşdirilen bölümlerinde bolsa ussat lukmanlar, şepagat uýalary zähmet çekýärler. Olar häzirki zaman ylmyň öňdebaryjy tejribeler esasynda işläp, bu ýerde saglyklaryny dikeldýänlere dürli bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny edýärler. Şonuň ýaly-da dürli keselleri, şol sanda dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket synasynyň, nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamagy we bejermegi üstünlikli alyp barýarlar. Şeýle-de şypahanada adamlara aeroterapiýa, galoterapiýa, talassoterapiýa, akgoterapiýa, deňiz we mineral suwy bilen bejermek ýaly hyzmatlar hem döwrebap ýola goýulýar.

Döwrebap şypahanada balnoterapiýa hem-de palçyk bilen bejeriş, howuzly we SPA-ly gidroterapiýa, maslahat hem-de anyklaýyş, dikeldiş, fizoterapiýa we bejeriş bedenterbiýesi bölümleri, rentgenografiýa, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, owkalap bejeriş, kliniki barlaghanalar we beýlekiler hem bar. Bu ýerde saglyklaryny dikeldýän adamlar başga-da köp ugurlar boýunça öz işine ussat lukmanlaryň ýokary hilli kömeklerinden peýdalanyp bilýärler.

Sagaldyş toplumynda saglygyny bejerdýänleriň her biri fitobarda melhemlik çaýlardan, ösümliklerden taýýarlanan şirelerden içip, teşneliklerini gandyryp bilýärler. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary jikme-jik beýan edilýär. Toplumyň çägindäki açyk howuz, kafeteriý, futbol, basketbol, tennis oýnamak üçin sport meýdançalaram bu ýerde saglyklaryny bejerdýänleriň hyzmatynda.

«Awaza» şypahanamyza dynç almaga, saglygyny berkitmäge gelýän raýatlaryň sany barha artýar. Olar döwletimiz tarapyndan döredilen döwrebap şertlere, taýsyz mümkinçiliklere buýsanyp, şypahana hyzmatlaryndan doly derejede peýdalanýarlar.