Ï Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

view-icon 8381

Türkmenistanyň Prezidentiniň E.Orazgeldiýew hakynda Permany 

 Orazgeldiýew Esenmyrady, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ç.B.Gylyjow hakynda Permany

Gylyjow Çary Baýramowiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň B.S.Arazow hakynda Permany 

Arazow Begmyrat Saparowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

* * * 

Türkmenistanyň Prezidentiniň A.O.Ýazmyradow hakynda Permany 

Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň B.T.Atdaýew hakynda Permany 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin:

ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Batyr Taganowiç Atdaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň B.T.Atdaýew hakynda Permany

Batyr Taganowiç Atdaýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradowyň üstüne ýüklenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Esenmyrat Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Gurbandurdy Baýramdurdyýewiň üstüne ýüklenildi.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde:

— guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda ýurdumyzda iýmlik mekgejöweni 20 müň gektar, soýany 2 müň gektar we iýmlik bugdaýy 40 müň gektar meýdanda ekmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça guramaçylyk çärelerini amala aşyrmak;

— iýmlik mekgejöweniň, soýanyň we iýmlik bugdaýyň ekin meýdanlarynyň welaýatlar we etraplar boýunça ýerleşdirilişini, olary ösdürip ýetişdirjek kärendeçileriň, ýerden peýdalanyjylaryň, ýer eýeleriniň sanawyny kesgitlemek tabşyryldy.

Iýmlik däneleri öndürijileri Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi iýmlik bugdaýyň tohumy hem-de tehniki hyzmatlar, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti suwaryş suwlary, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni mineral dökünler bilen, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, zerur bolan möçberlerde we möhletlerde üpjün etmäge borçly edildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyradow Nazarmyrat Geldimyradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

* * *

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Taganowiç Atdaýew Ahal welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedow Balkan welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow Daşoguz welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Lebap welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew Mary welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa — Hytaý döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygynyň işine gatnaşmak hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin, 2022-nji ýylyň 7-8-nji iýunynda Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde gulluk iş saparynda bolar.