Ï «Uly Baýragyň gymmaty» filminiň baş gahrymany ‒ seýis
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Uly Baýragyň gymmaty» filminiň baş gahrymany ‒ seýis

view-icon 6913
«Uly Baýragyň gymmaty» filminiň baş gahrymany ‒ seýis

Bu günler režissýor Wepa Işangulyýewe we filmi surata düşürýän topary Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde göräýmek aňsat däl. Olar uzakly gün seýis Nurly aga we onuň ajaýyp bedewi Tumar baradaky filmi surata düşürýärler.

Filmiň edebi esasyny ýazan doganlar Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler zähmet çekýän zehinli seýisleriň durmuşyndan bir sahypany açyp görkezipdirler.

Filmiň gysgaça beýany. Nurly aga ýaşlygyndan ata höwesli bolýar. Olaryň sagdyn we owadan bolmaklarynyň aladasyny edýär we olar bilen dostlaşýar. Ol bedewleriň «diline düşünmegi» başarýar. Nurlynyň bu häsiýetlerini gören halypasy Aky aga, oňa öz käriniň syrlaryny öwredýär. Nurlynyň aladaçyl ellerinden köp at geçýär, ýöne olaryň biri ‒ Tumar onuň kalbynda orun alýar. Ine, indi ençeme ýyl bäri owadanlykda, ýyndamlykda oňa taý gelýän ýok. Tumar çapyşyklarda yzygiderli baýrak alýar. Ýöne bir gün, atyň saglyk ýagdaýyny öwrenen Nurly onuň doly sagdyn däldigine göz ýetirýär. Seýis atyň eýesi Agaly aga ony, doly sagalýança çapyşyga goşup bolmajakdygyny duýdurýar. Agaly aga muňa kän üns bermeýär. Bu oýlanyşyksyz hereketiň netijesinde lukman Tumary çapyşykdan hemişelik çykarýar.

Bu wakadan soň Nurly söýgüli kärinden arany üzmek pikire gelýär. Wagt geçýär. Bir gün Nurly Tumaryň taýçanaklandygyny eşidýär.

‒ Taýyňy maňa ber. Men ondan Tumaryň özi ýaly aýlaw baglan bedew ýetişdireýin ‒ diýip, ruhlanan seýis Agaly agadan haýyş edýär.

Ýene birnäçe ýyldan aýlaw ýoluna ilkinji gezek gadam basan Tarlan diýen bedew pellehana ilkinji bolup gelýär. Nurly seýsiň gözüne begenç ýaşy dolýar.

‒ Men türkmen seýsi barada filmi surata düşürmäge uly joşgun bilen girişdim ‒ diýip, kinorežissýor Wepa Işangulyýew söhbetdeşlikde aýtdy.

‒ Talyplyk ýyllarymda bedewler baradaky birnäçe filmde surata düşdüm. Režissýor bolanymdan soň Köpetdag diýen bedew hakyndaky «Köpetdag ‒ türkmen esgeriniň arzuwy» we «Galkynyş» atly filmler surata düşürilende, seýisleriň bedewlere aýratyn çemeleşişleri meniň ünsümi çekdi. Şonuň üçin-de «Uly Baýragyň gymmaty» filminiň edebi ýazgysyny okap, türkmen bedewlerini ýetişdirmäge ýürekden berlen seýsiň, yhlasly zähmetkeşiň ykbalyny beýan edýän filmi surata düşürmäge başladyk.

Nurly Seýisiň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Annamuhammet Gurbanow ýerine ýetirýär, Tumaryň roluna bolsa Nurana Aý diýen bedew alnypdyr.

Ýordumyň esasy ugry başga ugurlar bilen sepleşip gidýär. Ol ýerde, elbetde, söýgi-de bar.