Ï Türkmenistanda yssy howa dowam eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda yssy howa dowam eder

view-icon 6562
Türkmenistanda yssy howa dowam eder

Türkmenistanda şu hepde +42 gradus yssy howanyň bolmagyna garaşylýar.

Aşgabatda az bulutly. Gündizlerine +39…+41, gijelerine +24…+26 gradus howa garaşylýar. Hepdäniň ahyrynda gündizki howanyň derejesi +34…+36 gradusa çenli pese düşer. Ýagyş ýagmagy mümkin.

Ahal welaýatynda açyk, güneşli howa bolar. Gündizlerine howanyň derejesi +37…+42, gijelerine +24…+29 gradus bolar. Dynç günleri az bulutly howa bolmagyna garaşylýar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we şemally howa bolar. Gündizlerine +37…+42, gijelerine +25…+30 gradusa ýeter. Käbir ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagy mümkin, şonuň üçin-de howanyň temperaturasy +31…+36 gradusa çenli aşak düşer.

Mary welaýatynda yssy howa bolar. Howanyň derejesiniň gündizlerine +36…+41, gijelerine +23…+28 gradus bolmagyna garaşylýar.

Lebap welaýatynda şemally, ygalsyz howa dowam edip, gündizlerine +37…+42 gradus , gijelerine +23…+28 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň derejesi ortaça +37…+42, gijelerine +22…+27 gradusda saklanar. Hepdäniň ahyrynda käbir ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar.

Yssy tomus günleriniň gelmegi bilen, açyk howada az wagt bolmagyňyzy maslahat berýäris. Açyk howa çykmak zerurlyk bolsa, kölegede ýöräp, hökmany ýagdaýda başgap geýseňiz has amatly bolar. Tomus möwsüminde lukmanlar köp suwuklyk içmegi, ýanyňyz bilen suw götermegi hem maslahat berýärler.