Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky 2002-nji ýylyň 23-nji aprelindäki Şertnamada we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabryndaky Şertnamada esaslary goýlan türkmen-rus gatnaşyklarynyň binýatlyk ýörelgelerini goldanyp, soňky ýyllarda taraplara strategik hyzmatdaşlygy düýpli pugtalandyrmagyň başardandygyny nygtap, köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklara uzak möhletleýin häsiýet bermäge, bu gatnaşyklary dünýä ykdysadyýetindäki häzirki şertleri we meýilleri nazara alyp, syýasy, ykdysady, söwda, maýa goýum, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de geljegi uly bolan beýleki ugurlarda has işjeň ösdürmäge çalşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň iki döwletiň gülläp ösmegine, şeýle-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynanyp, şu aşakdakylar barada beýan edýärler:
Taraplar şunuň bilen öz arasynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny yglan edýärler, bu hyzmatdaşlyk dürli ugurly we köptaraply gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagy hem-de ikitaraplaýyn derejede we halkara giňişlikde çuňlaşdyrylan hyzmatdaşlyk üçin olara aýratyn ysnyşykly, depginli häsiýeti bermegi göz öňünde tutýarlar.
Taraplaryň arasynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk olaryň özygtyýarlylyk, deňlik we döwletleriň çäk bitewüligi, içerki işlerine gatyşmazlyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerini berjaý etmeklerine esaslanýar, şeýle hem şu ugurlarda giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Özara syýasy hyzmatdaşlyk
Taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki döwletiň Baştutanlarynyň çuňňur syýasy ynanyşmagyna we strategik ýolbaşçylyk etmek ornuna esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belleýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbidine syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de görnüşlerini kesgitlemek üçin yzygiderli esasda duşuşarlar.
Taraplar iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ýokary derejede saklamak, giň gün tertibi boýunça hemmetaraplaýyn gatnaşyklar üçin parlamentara alyşmalaryň we dostluk toparlarynyň arasynda dialogyň görnüşlerini ulanmak barada ylalaşdylar.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri, iki tarapy gyzyklandyrýan derwaýys halkara we sebit meseleleri babatda pikir alyşmak hem-de garaýyşlary ylalaşmak üçin daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geňeşmeleri geçirerler.
Taraplar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Hazar «bäşliginiň», şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, «Merkezi Aziýa — Russiýa» dialog usulynyň hem-de beýleki köptaraplaýyn düzümleriň we derejeleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirerler, şol sanda ikitaraplaýyn bähbitlere degişli dürli meselelere, başlangyçlara seredilende, özara goldaw bererler.
Howpsuzlyk meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlyk
Taraplar terrorçylykly we ekstremistik ideologiýanyň ýaýradylmagyna we wagyz edilmegine, bikanun ýol bilen alnan pullaryň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdelerinden alynýan girdejileriň hasabyna maliýeleşdirilmegine, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, olaryň analoglarynyň, prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna, terrorçylyk guramalarynyň ýarag bilen üpjün edilmegine we guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine, şeýle hem köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyna garşy göreşmek babatda degişli pudak edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrarlar.
Taraplar häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bikanun we zyýan ýetirýän maksatlarda, şol sanda döwletleriň içerki işlerine gatyşmak hem-de özygtyýarlylygyny bozmak üçin ulanylmagyndan ynjalyksyzlanýandyklaryny beýan edýärler, halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2019-njy ýylyň 5-nji aprelindäki Ylalaşygyň esasynda we 2022 — 2025-nji ýyllarda halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek arkaly halkara maglumat howpsuzlygy babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ähmiýetini nygtaýarlar.
Taraplar sebit we ählumumy derejelerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini tassyklaýarlar.
Türkmenistan we Russiýa biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2021-nji ýylyň 1-nji aprelindäki özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň, şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda sebit howpsuzlygynyň meseleleri boýunça 2022-nji ýylyň 22-nji fewralyndaky özara hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasynyň» esasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklaýarlar.
Taraplar bir tarapyň çäkleriniň beýleki tarapyň howpsuzlygynyň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermeýärler.
Hukuk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk
Taraplar bar bolan şertnama-hukuk binýadynyň esasynda raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegini bermek babatda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirerler.
Türkmenistan we Russiýa gümrük we salgyt gulluklarynyň, zähmet we iş bilen üpjünçilik edaralarynyň, şeýle hem migrasiýa ulgamynyň edaralarynyň özara hyzmatdaşlyk etmeginiň çäklerinde hukuk meseleleri boýunça tejribe alyşmagy giňeltmäge taýýardyklaryny beýan edýärler.
Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejelerde halkara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary dowam etdirerler.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde işleri güýçlendirmegi dowam etdirerler.
Taraplar ýakyn ýyllarda maýa goýum hyzmatdaşlygyny depginli çuňlaşdyrmak, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak we ony giňeltmek, şeýle hem onuň ösmegini bökdeýän päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin bilelikde tagalla ederler.
Taraplar oba hojalygy, Türkmenistanyň we Russiýanyň obasenagat toplumlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek babatda hyzmatdaşlyga itergi bermegi hem-de iki ýurduň bazarlaryna oba hojalyk we azyk önümlerini ibermegiň möçberlerini artdyrmagy, iberilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmegi maksat edinýärler.
Taraplar senagat kooperasiýasyny ösdürmäge aýratyn üns bererler we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak arkaly uzak möhletli özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýärler.
Taraplar awtomobil we ýöriteleşdirilen tehnikalary, turba önümlerini, şeýle hem energetika enjamlaryny özara ibermek babatda türkmen we rus kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyny goldaýarlar.
Taraplar iki döwletiň çäklerinde gök-miwe önümleriniň logistik we lomaý paýlaýyş merkezlerini döretmek boýunça bilelikde tagalla ederler.
Taraplar iki döwletiň telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň söwda-senagat edaralarynyň işine goldaw bererler.
Taraplar Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler.
Ulag babatda hyzmatdaşlyk
Taraplar iki ýurduň gatnaşyjylary bolup durýan hereket edýän ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň netijeli hyzmatdaşlygyny goldaýarlar.
Taraplar ýurtlaryň arasynda howa gatnawlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin raýat awiasiýasy ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk ederler.
Taraplar awtoulagda milli daşaýjylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, halkara awtomobil gatnawlary babatda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Energetika babatda hyzmatdaşlyk
Taraplar energetika babatda hyzmatdaşlygyň oňyn depginini, hususan-da, iki ýurduň nebitgaz kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygynyň derejesiniň ýokarlanýandygyny bellediler we olaryň arasynda geologiýa-gözleg işleri hem-de nebitgaz ýataklaryny işläp geçmek, nebitgaz pudagynda tejribe alyşmak we hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça bilelikde tagallalary ederler.
Taraplar energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda bar bolan elektrik energiýasynyň generasiýasy desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze desgalaryny gurmak boýunça taslamalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny bellediler.
Sebitara hyzmatdaşlyk
Taraplar sebitleriň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegi goldaýarlar we sebitara hyzmatdaşlyga ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2021-nji ýylyň 30-njy martyndaky Ylalaşygy goldanyp, olaryň önümçilik, innowasion, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlarda ösdürilmegi üçin amatly şertleri mundan beýläk-de döretmegiň möhümdigini nygtaýarlar.
Taraplar sergi-ýarmarkalara, işewürler hereketlerine özara gatnaşmak, ýerlemäge hödürlenilýän önümler baradaky maglumatlary dessin alyşmak, taraplaryň çäklerinde bellige alnan, täjirçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän kärhanalar baradaky maglumatlary alyşmak arkaly Türkmenistanyň administratiw-çäk birleşmeleriniň we Russiýanyň subýektleriniň, olaryň hojalygy ýöredijileriniň arasynda göni söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy dowam etdirerler.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk
Taraplar sebitleriň we ykdysadyýetiň degişli pudaklarynyň hakyky isleglerinden ugur alyp, iki döwletiň ýokary, orta we hünär bilimi guramalarynyň ugry boýunça mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlygy dowam etmegi maksat edinýändiklerini beýan edýärler.
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy hünärmenleri taýýarlamak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn höweslendirerler.
Taraplar konsert-gastrol we teatr işi, muzeý, kitaphana işi ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirerler, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegine ýardam ederler.
Saglygy goraýyş, lukmançylyk bilimi we ylmy babatdaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş, ýokary hünär bilimi we ylmy edaralarynyň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek dowam etdiriler. Taraplar saglygy goraýyş ulgamynda hünärmenleri okatmaga, gaýtadan taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, hünärmenleriň, mugallymlaryň we talyplaryň taraplaryň her birinde guralýan halkara çärelere gatnaşmagyna uly üns bererler.
Taraplar ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn derejede howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek babatda özara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýärler, ýurtlaryň amatly sanitariýa-epidemiologik ýagdaýyny üpjün etmek boýunça toplan tejribesiniň täze ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça işler üçin mundan beýläk-de esas hökmünde ulanyljakdygyny belleýärler.
Taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň esasy döwlet we döwlete dahylsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, telekommunikasiýa kompaniýalarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýärler.
Daşky gurşawy goramak
Taraplar ekologik howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, serhetüsti hapalanmanyň öňüni almak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olaryň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirerler.
Taraplar Hazar deňziniň giňişligini, daşky gurşawy hapalanmakdan goramak, şeýle hem Hazar deňziniň biologik serişdelerini goramak, aýawly saklamak, dikeltmek, durnukly we rejeli ulanmak meselelerinde, onuň ekoulgamyny goramak, aýawly saklamak hem-de dikeltmek maksady bilen hyzmatdaşlyk ederler.
Türkmenistanyň Prezidenti S.G.BERDIMUHAMEDOW.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.PUTIN.
Moskwa şäheri, 2022-nji ýylyň 10-njy iýuny.