Ï Onuň Alyhezreti, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy jenap Mihail Mişustine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Onuň Alyhezreti, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy jenap Mihail Mişustine

view-icon 4947

Hormatly Mihail Wladimirowiç!

Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin, mundan beýläk-de many-mazmunly, anyk, ynanyşmak häsiýetine eýe bolan gatnaşyklary dowam etdirmegi maksat edinýär. Soňky ýyllarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemek guwandyryjydyr. Türkmen-rus gatnaşyklarynyň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine pugta ynanýaryn.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Mihail Wladimirowiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.