mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanda güneşli tomus howasy güýje girdi

view-icon 2331
Türkmenistanda güneşli tomus howasy güýje girdi

Türkmenistanda hepdäniň dowamynda +40 gradus yssy howa dowam eder.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Howa gündizlerine +38…+40, gijelerine +25…+26 gradus bolarHepdäniň ahyrynda şemalyň güýçlenmegine garaşylýar, käbir ýerlerde az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.

Ahal welaýatynda az bulutly howa bolar. Howa gündizlerine +38°…+42 gradusa çenli gyzyp, gijelerine +28°…+29 gradusa çenli pese düşer.

Balkan welaýatynda güneşli açyk howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +37…+40, gijelerine +24…+26 gradus bolar. Kenarýaka sebitlerinde +29…+30 gradus howa bolar.

Mary welaýatynda yssy howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +41…+43, gijelerine +26…+28 gradus bolar.

Lebap welaýatynda gündizlerine +37…+42, gijelerine +25…+26 gradus howanyň bolmagyna garaşylýar.

Daşoguz welaýatynda gündizlerine howanyň temperatyrasynyň ortaça görkezijisi +38…+40, gijelerine +23…+24 gradus bolar.

Tomus paslynyň yssy günlerinde Günüň astynda bolmaly wagtyňyzy mümkingadar azaltmak gowudyr. Ýanyňyzda agyz suwuny götermek we iýmitiňize ter miweleri goşmak möhümdir.