mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistan Aziýa-2023 Kubogynyň saýlama oýnunda Bangladeşi utdy

view-icon 1636

camera-icon
AFC

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň futbolçylary Malaýziýada dowam edýän Aziýa-2023 Kubogynyň saýlama ýaryşynda «E» toparda Bangladeşi 2:1 hasabynda utdy. Altymyrat Annadurdyýew (7-nji minut) we Arslanmyrat Amanow (77-nji minut), Mohammäd Ibrahim (12-nji) tapawutlandylar. Bu duşuşyk Kuala-Lumpuryň «Bukit Jälil» stadionynda 5598 janköýerleriň tomaşa etmeginde geçirildi.

Toparlaryň ikisi-de ýaryşy şowsuz başlady. Türkmenistanlylar birinji tapgyrda 1:3 hasap bilen Malaýziýadan asgyn geldi, bangladeşliler bolsa 1:2 hasabynda Bahreýnden utuldy. Şu jähtden Türkmenistan we Bangladeş üçin milli ýygyndy toparlar derejesindäki taryhda ilkinji duşuşyk bolan bu bäsleşigiň ägirt uly ähmiýeti bardy.

Filippinli emin Klifford Däpuýatyň badalga bermegi bilen türkmen futbolçylary oýnuň hörpüni ele aldylar we eýýäm birinji minutlarda hasaby açyp bilerdiler. Elman Tagaýewiň pökgini burçdan oýna girizmegi bilen Ahmet Ataýew ony ýüzüniň ugruna derwezä urdy, emma pökgi üstaşyr geçdi.

7-nji minutdaky üçünji burçdan urlan urgy ahyry üstünlige eltdi. Sag tarapdan Röwşengeldi Halmämmedow pökgini ýerden ýoldaşyna geçirdi, derweze meýdançasynyň burçunda duran Altymyrat Annadurdyýew pökgä çala degmek bilen ony derwezä göni ugrukdyrdy.

Bäş minutdan soň garşydaş topar jogap pökgini tora geçirmäge başardy. Rimon Husseýn meýdançanyň daşyna çykan pökgini bar güýji bilen jerime meýdançasyna zyňdy, Rakip Hosseýn bolsa kellesi bilen topy urdy, derwezeban urgyny gaýtardy, ýöne pökgä ilkinji bolup ýetişen Mohammed Ibrahim ony kellesi bilen tora gönükdirdi.

Oýnuň birinji ýarymynda Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri üçin öňe çykmaga ýene üç mümkinçilik boldy, ýöne olaryň uran toplary dürs bolmady.

Arakesmeden soň Türkmenistanyň toparynda oýnuň ikinji ýarymynda oýna giren Arslanmyrat Amanow we Wezirgeldi Ylýasow gol geçirmegiň ajaýyp mümkinçiliklerini elden giderdiler. Arslanmyrat derwezeden ýokardan urdy, Wezirgeldiniň uran pökgüsi bolsa sütüniň ýanyndan geçip gitdi.

65-nji minutda bangladeşliler çakgan garşylykly hüjüm bilen jogap berdiler, Foýsal Ahmediniň jerime meýdançasynyň çäginden uran güýçli urgusyny derwezeban Mämmet Orazmuhammedow saklamagy başardy.

Türkmenistanlylar hüjümlerini dowam etdiler. 77-nji minutda olar çep ganatdan hüjüme geçdiler. Şu hüjüm-de derwezäni «eýelemäge» alyp bardy. Altymyrat Annadurdyýew ussatlyk bilen goragçydan geçip, jerime meýdançasyna girdi-de, derwezäniň ugruna Arslanmyrat Amanowa tarap urdy, ol bolsa pökgini derwezä tarap ugrukdyrdy.

Duşuşygyň soňky pursatlarynda bangladeşliler deňe-deňligi gazanyp bilerdiler. Ýöne garşydaşyň oýunçysy ýokardan berlen topy derweze meýdançasynyň burçundan göni urup bilmedi.

Netijede, Türkmenistanyň ýygyndy topary ilkinji 3 utugyny gazandy. Ikinji tapgyrda 6 utuk bilen öňde barýan Bahreýniň futbolçylaryndan utulan (1:2) Malaýziýanyň hasabynda-da şonça utuk bar.

Şeýlelikde, Aziýa-2023 Kubogynyň finalyna bu topardan kimiň çykjakdygy jemleýji tapgyrda Bahreýn ‒ Türkmenistan we Bangladeş ‒ Malaýziýa oýunlarynda belli bolar.

Oýnuň öňýanyndaky metbugat duşuşygynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew toparyň Bahreýn bilen boljak oýunda topar elde baryny eder diýip nygtady.

– Biz güýçli topara garşy oýnarys. Şol oýunda-da özümizi görkezmeli bolarys. Beýle ýagdaýa düşjegimizi bilmedik, çünki birinji oýunda utularys diýip pikir etmedik. Diýmek, indi maksada ýetmek we jemleýji ýaryşda orun almak üçin biz elde barymyzy edip göreşmeli bolarys ‒ diýip, Ý. Hojageldiýew aýtdy.