mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda iş duşuşygy geçirildi

view-icon 1848
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda iş duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň guramagynda Merkezi Aziýada serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamanyň çäginde iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşygynyň barşynda serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin taslamany ýerine ýetirmegiň indiki tapgyry, şeýle hem 2022-2023-nji ýyllara niýetlenen çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebitleýin iş duşuşygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäginde geçirildi, bu Maksatnama 2021-nji ýylyň noýabr aýynda gol çekildi. Taslama, serhetlerde hereket edýän edaralaryň özara hereketini utgaşdyrmak üçin bilelikdäki otaglary döretmek hem-de bu edaralaryň özara aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek arkaly gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.