Ï ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary bilen HHR-nyň Ilçisiniň arasyndaky duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary bilen HHR-nyň Ilçisiniň arasyndaky duşuşyk

view-icon 6486
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary bilen HHR-nyň Ilçisiniň arasyndaky duşuşyk

2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda Ýüpek ýolunyň arheologiki barlaglary boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Hususan-da bu ugurda Ylmy-barlag merkeziniň döredilmeginiň ähmiýeti barada nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde şeýle hem doganlyk şäherleriň gatnaşyklaryny giňeltmek ýoly arkaly ýurtlaryň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meselelere seredildi.