mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Agyz-burun örtükleriniň haýsy ýerlerde dakylmagynyň hökmanylygyny bellenildi

view-icon 3893
Agyz-burun örtükleriniň haýsy ýerlerde dakylmagynyň hökmanylygyny bellenildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzda agyz-burun örtükleriniň haýsy ýerlerde dakylmagynyň hökmanylydygyny belledi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň degişli Buýrugy Türkmenistanyň Adalat ministriliginiň resmi web-saýtynda ýerleşdirildi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzda epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde ähli adamlar (mekdebe çenli ýaşly çagalar muňa degişli däldir) tarapyndan agyz-burun örtükleriniň şu aşakda beýan edilen ýerlerde dakylmagynyň hökmanylygyny bellenildi:

– Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde;

– jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde;

– köpçülikleýin ýapyk binalarda.