mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň wekiliýeti Almatyda Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebitleýin sammitiň işine gatnaşýar

view-icon 3358
Türkmenistanyň wekiliýeti Almatyda Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebitleýin sammitiň işine gatnaşýar

2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Almaty şäherinde «COVID-den azat - Merkezi Aziýada adalatly dikeldiş ýolunda» atly tema bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ikinji sebitleýin Sammit öz işine başlady. Sammit Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Gazagystanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hyzmatdaşlygynda Ýewropa Bileleşiginiň we Aziýa ösüş bankynyň maliýe goldaw bermeginde gurnaldy. Sammitiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Ikinji sebitleýin Sammite Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň ýolbaşçylary, halkara bilermenler, halkara guramalaryň, hususy ulgamyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Gün tertibi mazmuna baý bolup, Durnukly ösüş maksatlary üçin ahmiýetli bolup durýan ykdysadyýet, durmuş we ekologiýa pudaklarynyň wajyp meselelerini öz içine alýar. Forumyň açylyşynda çykyş etmek bilen, M.Muhammedow Türkmenistanyň pandemiýadan soň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetini dikeltmek we gowulandyrmak maksady bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan çeşmeleriň ulanylyşynyň netijeliliginiň ösüşini maliýeleşdirmek boýunça Addis-Abeba hereketleriň maksatnamasynyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmeginiň çaltlaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Ol şeýle hem nobatdaky ösüşiň maliýeleşdirilmegi boýunça Halkara maslahatynyň geçirilmeginiň maksadalýykdygyny nygtady hem-de Türkmenistanyň Ählumumy maksatnamalaryň we strategiýalaryň, esasan hem 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maliýe serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça meseleleri öňe sürmegi dowam etdirjekdigine ynandyrdy.