mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Batly Gadamyň» iş depgini ýokarlanýar

view-icon 1480
«Batly Gadamyň» iş depgini ýokarlanýar

Türkmen telekeçileri bu gün döwletli Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine ägirt uly goşant goşup, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmekde mynasyp işleri bitirýärler. Olar milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde möhüm orny eýeläp, önümçiligiň dürli pudaklarynda möçberi çäksiz toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Şu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Balkanabat şäherindäki «Batly Gadam» hususy kärhanasynyň hünärmenleri hem ýokary hilli, islegli önümleri öndürmekde nusga alarlyk zähmet çekýärler.

Durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, döwletimizde hususy pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa düýpli maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde, öňde goýlan belent wezipelere abraý bilen hötde gelinýär. Bu babatda gürrüňi edilýän kärhananyň agzybir işgärleri hem oňat önümçilik görkezijilerini gazanýarlar. Şeýlelikde, balkanly önüm öndürijiler döwletimiziň ýurt derejesinde telekeçiligi ösdürmäge berýän hemaýatdyr goldawlaryndan ruhlanyp zähmet çekmek bilen ýüplük önümlerini hem-de jorap öndürmekde aýratyn netijelilik görkezýärler.

Mähriban Watanymyzda ösdürilip ýetişdirilýän «ak altyny» senagat taýdan gaýtadan işlemek maksady bilen täze önümçilik ulgamyny döredip, geçginli harytlar bolan hil nyşanly önümleri öndürýän «Batly Gadam» hususy kärhanasynyň bu gün işleri ileri. Bu ýerde ösen tehnologiýalar we ylmyň soňky gazananlarydyr öňdebaryjy tejribeler esasynda ornaşdyrylan kuwwatly daşary ýurt enjamlarynda öndürijilikli işlenilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwrebap enjamlar bolsa pagtany senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly öndürilýän ýüplüklerdir joraplaryň ýokary hil derejesini üpjün edýär. Mundan başga-da önümleriň, içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply görnüşleriniň we möçberleriniň has-da artmagyny doly şertlendirýär. Şonuň bilen birlikde-de ösen isleglere laýyk gelýän arzyly, ygtybarly önümler hususy kärhananyň diňe bir sebitdäki däl, eýsem onuň çäklerinden has alyslardaky abraýyny pugtalandyryp, eksport mümkinçiliklerini hem täze belentliklere göterýär.

Ýeri gelende aýtsak, hususy kärhananyň Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen Ýüplük önümçiligi bölüminde her ýylda 5015 tonna ýokary hilli ýüplük taýýarlanylýar. Kärhanada işleýän zähmetsöýer hünärmenleriň irginsiz tagallalary netijesinde ýüplük taýýarlamak baradaky meýilnama hem elmydama üstünlikli berjaý edilýär.

Öňde baryjy hususy kärhananyň ähli bölümlerinde işler saz we bökdençsiz guramaçylykly alnyp barylýar. Germaniýa döwletiniň ýokary kuwwatly döwrebap enjamlary oturdylan boýag bölüminde her günde dürli reňklere boýalýan ýüplükleriň umumy möçberi bäş tonnadan geçýär. Boýalan ýüplükler, esasan, jorap önümçiliginde giňden ulanylýar.

Jorap önümçiligi bölüminde bolsa Italiýadan getirilen enjamlar netijeli ulanylyp, her günde 50 müň jübüt jorap taýýarlanylýar. Onuň her ýylda öndürilýän möçberem barha ýokarlanýar. Bu bolsa içerki sarp edijileriň ýokary hilli önümlere bolan isleglerini ýeterlik derejede kanagatlandyrýar. Şeýle-de türkmen pagtasyndan öndürilýän degişli önümler daşary ýurtlara hem eksport edilýär.


 Gurbanmyrat Tuwakow